Huawei ilkinji üç panelli eplenýän smartfonyny çykarmaga taýýarlanýar

  • 18.07.2024 15:17
  • 4.8k+

Huawei kompaniýasy iki şarnirli we üç panelli ilkinji eplenýän smartfonyny satuwa çykarmaga taýynlanýar. Fixed Focus Digital insaýderiniň berýän habaryna görä, täze önüm ýakyn iki aýda bazara çykar.

Enjamyň bahasy gymmat we sany çäkli bolar. Insaýderiň pikirine görä, Huawei bu eplenýän telefona “mümkinçilikleriň görkezilmesi” hökmünde garap, ony iPad planşetleriniň deregini tutjak enjamyň ornunda goýup biler.
Açyk ýagdaýdaka smartfonyň ekranynyň diagonaly, takmynan, 10 dýuým bolar diýlip garaşylýar. Mundan başga-da, öndüriji ekranda epinleriň görünmegini ep-esli azaltmagy başardy, bu şeýle enjamlaryň umumy meselesi bolup durýar.
Fixed Focus Digital insideri kompýuterler üçin HarmonyOS operasiýa ulgamynyň täze wersiýasyny, iPhone SE4-iň suratlaryny, Huawei Pocket 2-niň görkezijilerini we iPhone 16-nyň reňk görnüşleri barada deslapky maglumatlary ilkinji bolup mälim edenligi bilen tanalýar.


15.02.2026 09:14
3.1k+

26-njy fewralda Madridde Huawei Mate 80 Pro-nyň dünýä tanyşdyrylyşy geçiriler

Hytaýyň tehnologiýa ägirdi bolan Huawei täze "Mate 80 Pro" seriýasynyň halkara bazaryndaky tanyşdyrylyşynyň 2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda boljakdygyny tassyklady. Resmi çäre Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriler...

16.01.2026 08:10
3.9k+

Xiaomi 17 Pro we Pro Max modelleriniň aktiwleşdirilen sany bir milliondan geçdi

Xiaomi-niň täze flagmanlary bolan Xiaomi 17 Pro we 17 Pro Max smartfonlarynyň her biriniň aktiwleşdiriliş sany bir millionlyk sepgitden ýokary geçdi. Bu barada hytaýly meşhur insaýder "Digital Chat Station" habar berdi...

31.12.2025 08:10
3.6k+

Huawei Mate 80 Hytaýda uly meşhurlyga eýe boldy: 23 günde 1,2 milliondan gowrak smartfon satyldy

Huawei Mate 80 smartfonlar seriýasy Hytaýyň içerki bazarynda hakyky meşhurlyk gazandy. Bu seriýanyň umumy satuwy takmynan 1,235 million birlige ýetdi. Bu bolsa Huawei kompaniýasynyň satuwa başlan ilkinji 23 gününiň dowamynda ortaça günde 50 müňden gowrak smartfon satandygyny aňladýar...

29.12.2025 00:24
3.4k+

Huawei-iň HarmonyOS ulanyjylarynyň sany 27 milliona ýetdi

Huawei kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen HarmonyOS operasion ulgamynyň altynjy wersiýasy şu ýylyň oktýabr aýynda çykdy we eýýäm 27 milliondan gowrak ulanyjy toplady. Bu barada Hytaýyň tehnologiýa ägirdiniň statistikasyna salgylanýan South China Morning Post gazeti habar berýär...