Aýdymçy Adel aýdym-saz karýerasyna uly arakesme berýär

  • 18.07.2024 10:57
  • 4.2k+

Iňlis aýdymçysy Adel ýakynda aýdym-saz karýerasyna arakesme berjekdigini mälim etdi. Germaniýanyň ZDF neşirine beren interwýusynda aýdymçy “beýleki döredijilik işleri bilen meşgullanmak” isleýändigini aýtdy.

Estrada ýyldyzy "meşhur bolmagy halamaýandygyny" aýtdy. Şeýle hem Mýunhendäki konsertlerini awgust aýynda tamamlamagy meýilleşdirýändigini, şondan soň Las-Wegasa göçjekdigini belläp geçdi. Noýabr aýyndan soň aýdymçy Londona gaýdyp geler.
Adel aýdym-saz döretmekde özüniň haýallygy bilen tanalýar. Onuň “25” we “30” albomlarynyň arasynda alty ýyl bar. Las-Wegasdaky soňky konsert syýahaty 2022-nji ýylyň noýabr aýynda başlandy. Bu döwrüň dowamynda, aýdymçy ýüzden gowrak konsertde çykyş etdi.
Aýdymçy 16 gezek Gremmi baýragynyň ýeňijisi boldy we “Ýylyň albomy” (“21” we “25”), “Ýylyň ýazgysy” we “Ýylyň aýdymy” nominasiýalarynda ilkinji gezek ýeňiji bolan aýdymçy boldy. Adeliň “007: “Skaýfolyň” koordinatlary” (“007: Координаты “Скайфолл””) filminde ýerine ýetiren “Skyfall” kompozisiýasy “Oskar” we “Altyn globus” baýraklaryny aldy.

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
993

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......