Týago Alkantara “Barselona” dolanýar. Bu gezek tälimçi hökmünde

  • 18.07.2024 11:23
  • 9.1k+

“Barselonanyň” öňki futbolçysy Týago Alkantara klubuň tälimçiler toparyna goşuldy. Bu barada “Barselonanyň” resmi saýty habar berýär.

“Ýakynda 33 ýaşynda oýun karýerasyny tamamlan Týago Alkantara geljek hepdeleri tälimçi hökmünde tejribe ýygnamak üçin Hans Flikiň toparynyň düzüminde geçirer. Öňki oýunçynyň tomsuň dowamynda esasy toparda galmagyna we ABŞ boýunça türgenleşik syýahatyna ugramagyna garaşylýar” – diýip, ispan klubunyň beýanynda aýdylýar.

Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň öňki ýarym goragçysy Týago Alkantara 2024-nji ýylyň 8-nji iýulynda oýun karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Onuň soňky kluby Angliýanyň “Liwerpuly” boldy, mundan başga-da ol 2013 – 2020-nji ýyllarda Mýunheniň “Bawariýasynda” çykyş etdi.


düýn 23:41
2.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.2k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......