Madridiň “Realy” Brand Finance konsalting kompaniýasy tarapyndan düzülen dünýäniň iň gymmat futbol brendleriniň reýtinginde “Mançester Sitini” gysyp çykaryp, birinji orna gaýdyp geldi.
Geçen möwsümde Ispaniýanyň çempionatynda we Super kubogynda, şeýle-de Çempionlar ligasynda ýeňiş gazanan “Realyň” brend bahasy 16% ýokarlanyp, 1,7 mlrd ýewro boldy.
Dowam edýän maliýe kynçylyklaryna garamazdan, “Barselona” üçünji orunda galdy. Dördünji orunda “Mançester Ýunaýted”, bäşinji orunda “Liwerpul” ýerleşdi.
“Pari Sen-Žermen” altynjy orny Mýunheniň “Bawariýasyna” berdi.
Ilkinji onlukdaky on klubuň altysy Angliýanyň premýer-ligasynda çykyş edýär.
Brand Finance reýtinginiň ilkinji onlugy:
- (2). “Real” – 1,685 mlrd ýewro;
- (1). “Mançester Siti” – 1,611 mlrd ýewro;
- (3). “Barselona” – 1,542 mlrd ýewro;
- (4). “Mançester Ýunaýted” – 1,398 mlrd ýewro;
- (5). “Liwerpul” – 1,380 mlrd ýewro;
- (7). “Bawariýa” – 1,236 mlrd ýewro;
- (6). “PSŽ” – 1,208 mlrd ýewro;
- (8). “Arsenal” – 996 mln ýewro;
- (9). “Tottenhem” – 868 mln ýewro;
- (10). “Çelsi” – 838 mln ýewro.
“Forbes” maý aýynyň ahyrynda “Realyň” bahasyny 6,6 mlrd dollar bilen bahalandyryp, ony ýene dünýäniň iň gymmat kluby diýip atlandyrdy.