Mersedes-Benz nädogry berkidilen boltlar we ýangyn döremek töwekgelçiligi sebäpli GLC 300 4Matic-i yzyna çagyrýar

  • 17.07.2024 15:44
  • 11k+

IXBT-iň habar bermegine görä, Mersedes-Benz ikinji nesil GLC 300 4Matic wnedorožnikleriniň yzyna çagyrylandygyny habar berdi.

Yza çagyrylmagynyň sebäbi - gurallar panelinde boltlaryň nädogry berkidilenligi, bu howsuzlyk ýassygynyň dogry işlemezligine ýa-da heläkçilik wagtynda bölekleriň bölünip aýrylmagyna sebäp bolup biler.
Mundan başga-da, 12 woltlyk kömekçi elektrik gyzdyryjynyň gowşak birikdirilip, onuň ýangyn howpuny ýokarlandyrýandygy anyklandy.
Öndürijiniň sözlerine görä, zawoddaky tamamlaýjy işleriň dowamynda ýol berlen bökdençlikler sebäpli dörän näsazlyklar azyndan 300 ulaga degişli boldy. Mersedes-Benz-iň amerikan bölümine bu näsazlyklar bilen baglanyşykly ulanyjylardan gelen  şikaýatlar barada entek belli zat ýok.
Mersedes-Benz-iň söwda dellallarynyň ulagyň näsaz ýerlerini gözden geçirip, kemçilikleri mugt düzetjekdigi bellendi.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....