UEFA Ýewro-2024-üň iň gowy goluny saýlady

  • 17.07.2024 15:39
  • 15k+

UEFA Ýewropa çempionaty – 2024-üň iň gowy goluny kesgitledi. Guramanyň tehniki synçylarynyň pikiriçe, ol Lamin Ýamalyň ýaryşyň ýarym finalynda Fransiýanyň derwezesine geçiren goly boldy. Ispaniýaly birinji ýarymda jerime meýdançasynyň daşyndan urandan soň, ilki ştanga degip, soň derwezä giren goly bilen tapawutlandy.

Ikinji orny Jud Bellingemiň 1/8 finalyň Slowakiýa garşy oýnunda girizen goly eýeledi. Ol garşydaşynyň derwezesine goly üstaşyr saldy.
Üçünji orun toparlaýyn tapgyrda Şotlandiýanyň derwezesine jerime meýdançasynyň daşyndan dokuzlyga urup, gol salan şweýsariýaly ýarym goragçy Jerdan Şakirä degişli boldy.
Ýatlap geçsek, Ýewro-2024 14-nji iýundan 14-nji iýul aralygynda Germaniýada geçirildi. Ýaryşyň finalynda Ispaniýanyň milli ýygyndysy Angliýany 2:1 hasabynda utdy.


şu gün 13:41
6.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
5.7k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......