161 million ýyllyk stegozawryň skeleti Sotheby's auksionyna çykaryldy

  • 16.07.2024 17:57
  • 12k+

Nýu-Ýorkdaky Sotheby's auksionyna stegozawryň tutuş diýen ýaly skeleti satuwa çykaryldy. Onuň ýaşy 161 million ýyl diýlip çaklanylýar diýip, Associated Press habar berýär.

Apeks diýlip atlandyrylýan stegozawryň beýikligi 3,3 metre, uzynlygy 8,2 metre ýetýär. Ol 2022-nji ýylda Kolorado ştatynyň Dinozawr şäheriniň golaýyndan tapyldy.
Apeks dünýäde iň tanalýan dinozawrlaryň biridir. Onuň häsiýetli ýiti arka plastinalary, alymlaryň pikirine görä, gorag üçin hyzmat edendir diýip çaklanylýar. Galyndylarda söweşden galan alamatlar ýok, ýöne stegozawryň garrylyga çenli ýaşandygyny görkezýän artritiň alamatlary bar.
Skeletiň satuwy çykaryljak auksiony 17-nji iýulda geçer. Sotheby's Apekse 4-6 million dollar nyrh kesýär. Sotheby-niň Ylym we meşhur medeniýet bölüminiň müdiri Kassandra Hatton munuň ýaly derejedäki stegozawryň ozal auksionda satylmandygyny aýtdy.

şu gün 12:00
902

Disney 2026-njy ýylda film studiýalarynyň içinde ýygymy 3 milliard dollardan geçen ilkinji studiýa boldy

Walt Disney Studios 2026-njy ýylda dünýäde kassa girdejisini 3 milliard dollardan geçiren ilkinji kinostudiýa boldy diýip, Deadline neşiri habar berýär. Çeşmäniň maglumatyna görä, kompaniýanyň şu ýylky ähli......

şu gün 11:04
4.7k+

Özbegistan serhetleri kesgitlemek çäresiniň çäginde Gyrgyzystana iki sany oba berdi

Iki ýurduň arasyndaky döwlet serhedini kesgitlemek işleriniň çäginde Özbegistanyň umumy meýdany 236 gektar bolan iki sany ilatly nokady Gyrgyzystanyň düzümine geçdi....

şu gün 10:54
1.5k+

Dua Lipa Portu şäherinde öz hususy kitaphanasyny açdy

Aýdymçy Dua Lipa Portugaliýanyň Portu şäherinde «Manifesto Library» atly öz hususy kitaphanasyny açdy. Bu taslama, içki bezegleri we gurluşy taýdan Joan Roulinge «Garri Potter» älemini döretmäge ylham beren......

şu gün 10:44
1.4k+

Barlaglar doglan wagtyňdaky pes agramy irki akyl ösüşiniň yza galmagy bilen baglaýarlar

Bilefeld uniwersitetiniň barlagçylary agramy has pes bolup doglan çagalaryň, ortaça alanyňda, ýetginjekligiň irki döwründe akyl ukyplaryny anyklaýan synaglarda beýlekilerden pes netije görkezýändiklerini ýüze......