Argentina we Ispaniýa “Finalissimada” duşuşar

  • 16.07.2024 14:58
  • 16k+

Indiki “Finalissima” ýaryşynyň gatnaşyjylary belli boldy. Bu gezek 2024-nji ýylyň Ýewro we Kopa Amerika ýaryşlarynyň ýeňijileri duşuşýar.

Şeýlelikde, ýaryşda Ýewropa çempionatynyň finalynda Angliýany 1:2 hasabynda utan Ispaniýa we Amerikanyň Kubogynyň finalynda Kolumbiýany 0:1 hasabynda utan Argentina duşuşar.
Deslapky maglumatlara görä, ýaryş 2025-nji ýylyň iýun ýa-da iýul aýynda geçirilip bilner.
2022-nji ýylda geçen ilkinji “Finallissima” ýaryşynda Argentinanyň milli ýygyndysy Londondaky “Uembli” stadionynda Italiýany 3:0 hasabynda utdy.
Bu ýaryş 2021-nji ýylda UEFA we KONMEBOL tarapyndan gol çekilen özara düşünişmek baradaky Ähtnama laýyklykda gurnalýar. Resminama 2028-nji ýyla çenli hereket edýär.
Şol bir wagtyň özünde, Ýewro-2024-üň we Amerikanyň Kubogy-2024-üň ýeňijileriniň arasynda täze oýnuň heniz resmi taýdan tassyklanmandygyny bellemek gerek.


şu gün 20:28
2.4k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

şu gün 14:48
6.1k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

düýn 17:01
7.7k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
6.9k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....