“Barselona” Nike bilen baglaşan şertnamasyny 2028-nji ýyla çenli ýatyryp bilmez

  • 16.07.2024 13:12
  • 4.1k+

Kazyýet “Barselona” futbol klubunyň arzasyny ret etdi we Amerikanyň sport egin-eşiklerini öndürýän Nike kompaniýasy bilen baglaşylan şertnamanyň birtaraplaýyn esasda ýatyrylmagyny gadagan etdi diýip, Mundo Deportivo habar berýär.

Şertnama laýyklykda, 2028-nji ýyla çenli “Barselona” hemaýatkärlik we mahabat şertlerini ýerine ýetirmäge borçludyr.
Ozal Katalon klubunyň prezidenti Žoan Laporta şertnamanyň "düzgün bozmalar" bilen düzülendigini nygtap, ony bozmak niýetini mälim edipdi. Şeýle-de bolsa, Barselonanyň kazyýeti şertnamanyň bozulmagyny bikanun diýip ykrar edip, kluby şertnamanyň ähli şertlerini ýerine ýetirmäge borçly etdi.
“Barselona” soňky möwsümde 38 tapgyrda 85 utuk toplap, ikinji ýerde tamamlady. Täze möwsümiň birinji tapgyrynda “Barselona” 17-nji awgustda “Walensiýa” bilen oýnar.


şu gün 13:41
4.4k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
4.2k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.6k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......