Hakyky kofeden ýasalan galamlar peýda boldy

  • 15.07.2024 14:04
  • 3.7k+

Los-Anjelesiň Zirobio startapy mehaniki galamlar üçin gaýtadan işlenen kofe löderesinden öndürilen dünýäde ilkinji grifel (galamyň içki taýajygy) GRIND Z-ni hödürledi. Diametri 5,6 mm bolan grifel ähli awtomatiki galamlara laýyk gelip, kagyzda açyk goňur yz galdyrýar diýip, Yanko Design dizaýnerler býurosy habar berýär.

Grifelleriň düzüminde 20% gaýtadan işlenen kofe löderesi we 80% ýelim we mum bar.
Grafit galamlardan tapawutlylykda GRIND Z eliňde yz galdyrmaýar. Kofe çyzyklaryny bozguç bilen bozup ýa-da barmak bilen ýaýradyp bolmaýar. Öndüriji, hat ýazylanda Arabica kofesiniň ysynyň ýakymly täsir galdyrýandygyny nygtaýar.


Zirobio, adamlaryň her gün 3,5 milliard çaşka kofe içýändigini we netijede ýylda 11,8 million tonna kofe galyndysynyň döreýändigini belläp geçýär. Kofe galyndylarynyň diňe 5%-i gaýtadan işlenilýär.
12 grifellik toplumyň bahasy 26 dollar. GRIND Z-niň satuwy 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda başlar.

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
993

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......