Alkaras yzygider ikinji ýyl “Uimbledonyň” finalynda Jokowiçi utdy

  • 15.07.2024 03:33
  • 5.6k+

Ispaniýaly tennisçi Karlos Alkaras Londonda geçirilen 2024-nji ýylyň “Uimbledon” ýaryşynda ýeňiş gazandy. 

Finalda 21 ýaşly türgen “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň 24 gezek çempiony Nowak Jokowiçi üç setde utdy: 6:2, 6:2, 7:6. Oýun 2 sagat 27 minut dowam etdi.
Alkaras üçin bu “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň çäklerinde gazanylan dördünji titul boldy. 2022-nji ýylda türgen US Open-de ýeňiji boldy, bir ýyl öň hem “Uimbledonyň” finalynda Jokowiçi utdy, häzirki möwsümde “Rolan Garrosda-da” ýeňiş gazandy.
Alkaras taryhda yzygider iki “Uimbledonda” ýeňiji bolan dokuzynjy tennisçi, şeýle-de bir möwsümde “Rolan Garrosda” we “Uimbledonda” ýeňiş gazanan altynjy tennisçi boldy. Ol taryhda “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň finalynda Jokowiçi iki gezek utmagy başaran dördünji tennisçi boldy.
“Uimbledonda” gazanan ýeňşi üçin Alkaras 2,7 million funt (takmynan, 3,5 million dollar) baýrak alar.
Bir gün öň, zenanlaryň arasynda “Uimbledon” ýaryşynyň finalynda çehiýaly tennisçi Barbora Kreýçikowa italiýaly Ýasmin Paolini üç setde utdy – 6:2, 2:6, 6:4. 


düýn 11:31
2.3k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.1k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......