Urugwaý Amerikanyň Kubogy-2024-üň üçünji ýeri üçin oýunda Kanadany utdy

  • 14.07.2024 11:27
  • 9.7k+

Şarlott şäherindäki (ABŞ, Demirgazyk Karolina ştaty) “Bank of Amerika” stadionynda 2024-nji ýylyň Amerikanyň Kubogy ýaryşynyň bürünç medaly üçin oýun tamamlandy. Urugwaýyň topary bilen Kanadanyň arasyndaky duşuşygyň esasy wagty deňme-deň – 2:2 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky penalti tapgyrynda urugwaýlylar 4:3 hasabynda ýeňiş gazandylar.

Oýnuň sekizinji minutynda ilkinji goly Urugwaýyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Rodrigo Bentankur girizdi. 22-nji minutda kanadaly oýunçy Ismael Kone hasaby deňledi. 80-nji minutda hüjümçi Jonatan Dewid Kanadanyň toparyny öňe çykardy. 90+3-nji minutda bolsa hüjümçi Luis Suares hasaby deňläp, duşuşygy penalti tapgyryna geçirdi.
Oýundan soňky tapgyrda Urugwaýyň oýunçylary has takyk boldular, bu ýerde Kanada toparynyň goragçysy Alfonso Dewis tarapyndan tora girizilmedik dokuzynjy urgy soňky nokady goýdy.


düýn 15:42
6.2k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
13k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......