Mozilla Windows-yň köne wersiýalarynda Firefox brauzerini goldamagyny dowam eder

  • 11.07.2024 18:37
  • 1.4k+

Mozilla Windows 7, 8 we 8.1 operasion ulgamlary üçin Firefox brauzerine goldawyny uzaldýandygyny mälim etdi. Bu karar Reddit-däki adaty AMA (Ask Me Anything) sessiýasynda yglan edildi.

Mozilla-nyň önüm dolandyryşynyň direktory Baýron Jordan kompaniýanyň Windows 7, Windows 8 we 8.1-de Firefox-y goldamagy dowam etdirmegi meýilleşdirýändigini tassyklady. Ýöne goldawyň ýatyryljak wagty entek kesgitlenmedi.
Ondan öň, 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Mozilla eýýäm bu OS-lar üçin Firefox goldawyny uzaltmak mümkinçiligini mälim edipdi. Windows 7, 8 we 8.1-de bazaryň paýy pes bolsa-da (Statcounter-iň maglumatlaryna görä 5%-den az), Mozilla ulanyjylaryny terk etmezlik kararyna geldi. Ýöne Chrome we Edge Windows-yň bu wersiýalaryny goldamagy eýýäm bes etdiler.

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
993

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......