Honda Pilot 2025 çaknyşyk-synagynyň netijesi boýunça IIHS-iň iň ýokary howpsuzlyk derejesini aldy

  • 11.07.2024 12:01
  • 9.2k+

2025-nji model ýylynyň Honda Pilot-y Awtoulag howpsuzlygyny ätiýaçlandyryş institutynyň (IIHS) geçiren synagynyň netijeleri boýunça ýokary - Top Safety Pick+ sylagyny aldy.

Maşgala krossoweri howpsuzlyk synaglarynda, şol sanda öňden, gapdaldan çaknyşmany bölekleýin saklamak we pyýadany kakmagyň öňüni almak synaglarynda gowy çykyş etdi.
Yzky howpsuzlyk kemerleriniň işleýşine baha bermek üçin döş kapasasy indeksi goşulan öň tarapdan çaknyşma synagynda bölekleýin öňüni almaklyga aýratyn üns berildi.
Şeýle hem, Honda Pilot 2025 faralary, çaga awto oturgyjyny berkitmek üçin niýetlenen Latch ulgamyny ulanmagyň amatlylygy we howpsuzlyk kemerini ildirmek baradaky ýatlatmalary üçin iň ýokary baha mynasyp boldy.
Honda Pilot 2025 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisi bilen we öň tekeri hereketli ýa-da tekerleri doly hereketli, 10 tizlikli awtomat usulda hereket edýär.


12.06.2026 01:38
7.5k+

Ýapon ulaglary iň uzak ömürli awtoulaglar bolup çykdy - Barlagyň netijeleri

iSeeCars portalynyň analitikleri 174 müňden gowrak awtoulagyň ýol geçiş aralygy baradaky açyk maglumatlary öwrenip, maşynlarynyň 250 müň mile (takmynan 400 müň km) çenli aralygy geçip bilmek ähtimallygy iň......

04.06.2026 17:27
3.2k+

Mazda ýaş sürüjiler üçin iň gowy ulaglaryň reýtinginde birinji orna çykdy

Amerikanyň IIHS we "Consumer Reports" guramalary tarapyndan taýýarlanan ýetginjekler üçin iň howpsuz awtoulaglaryň ýyllyk reýtinginde "Mazda" garaşylmadyk ýagdaýda lider boldy....

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......