Hasselblad foto-bäsleşiginiň ýeňijileri: gündelik durmuşdan täsir galdyryjy 18 surat

  • 10.07.2024 11:50
  • 8.1k+

Şwesiýanyň kamera öndürijisi Hasselblad her ýyl geçirilýän Hasselblad Masters bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdi. Dünýäniň dürli künjeginden gelip gowşan 85 müň suratdan gündelik durmuşyň gözelligini görkezýän 18 sany iň gowy surat saýlandy.

Bäsleşik alty kategoriýa bölündi: “Binagärlik”, “Peýzaž”, “Portret”, “Art”, “Köçe” we “Project // 21”. Kategoriýanyň her birinde bir fotografyň üç suraty hödürlendi.
Bäsleşigiň ýeňijileri gözelligiň ýönekeýje agaç jaýdan başlap, otly penjiresinden görünýän haýran galdyryjy peýzaža çenli iň bir garaşylmadyk ýerlerde tapylyp bilinjekdigini görkezýärler. Fotograflaryň üns merkezine kiçijik mör-möjekler-de, binagärlik bölekleri-de, adamlaryň portretleri-de düşdi.
Bäsleşigiň maksady täsin zatlary diňe bir üýtgeşik ýurtlarda däl, eýsem gündelik durmuşda-da tapyp boljakdygyny bellemekden ybarat.
“Binagärlik”

 

«Peýzaž»

Project // 21

«Portret»

«Art»

«Köçe»

düýn 19:12
5.5k+

TikTok iň gowy blogerler üçin baýrak döretdi: ýeňijileri ulanyjylaryň özi saýlar

TikTok wideo platformasy kontent awtorlary üçin hususy TikTok Awards baýragynyň döredilendigini mälim etdi. Bu barada platformanyň resmi saýtynda habar berilýär. Baýragyň ilkinji gowşurylyş dabarasy 18-nji dekabrda ABŞ-da geçiriler...

düýn 10:30
1.4k+

Bloomberg: Apple iPhone-nyň prosessory oturdylan arzan bahaly MacBook taýýarlaýar

Apple kompaniýasy arzan bahaly MacBook çykarmagyň üstünde işleýär. Bu barada Bloomberg neşiri çeşmelerine salgylanyp habar berýär. Täze noutbuk web sahypalaryny görkezmek, resminamalar bilen işlemek, multimedia faýllaryny ýeňil redaktirlemek ýaly ýokary güýç talap etmeýän gündelik işler üçin niýetlenýär...

düýn 09:59
1.4k+

Türkiýede türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeligi geçirilýär

3-nji noýabrda Stambuldaky Türkiýäniň edebiýatçylar jemgyýetiniň binasynda Türkiýe Respublikasyndaky Türkmen edebiýaty we döredijiligi hepdeliginiň dabaraly açylyşy geçirildi. Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, çäräni Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) bilen bilelikde gurnadylar...

düýn 06:36
4.7k+

Aýdymçy Robbi Uilýams “Introwertiň kürsüsini” döretdi: oturan adam özüni gujaklanan ýaly duýýar

Britaniýaly aýdymçy we sazanda Robbi Uilýams özüni mebel dizaýneri hökmünde barlap gördi. Ol Niderlandlaryň MOOOI kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda “Introwertiň kürsüsini” döretdi. Awtoryň aýtmagyna görä, ol ýumşak we rahat bolup, onda oturan adam özüni biriniň gujagynda ýaly duýýar...