Google hem smartfon önümçiligini Hindistana geçirýär. Ýakynda Pixel smartfonlarynyň synag tapgyry çykar

  • 09.07.2024 14:23
  • 5.9k+

Google kompaniýasy Hindistanda Pixel smartfonlarynyň öndürilip başlanandygyny habar berdi. Gurluşlaryň synag toplumy ýakyn wagtda çykarylar, sentýabr aýyna çenli bolsa doly göwrümli önümçiligi işe goýbermek meýilleşdirilýär diýip, 9to5Google neşiri habar berýär.

Bu çözgüt Google-yň önümçilik kuwwatyny diwersifikasiýalaşdyrmak we Hytaýa garaşlylygyny azaltmak boýunça strategiýasynyň bir bölegidir.
Kompaniýa önümçiligi ýola goýmak üçin Dixon Technologies we Foxconn kompaniýalary bilen şertnama baglaşdy. Dixon kompaniýasy Pixel 9 ýaly pes bahaly modelleri çykarmak bilen meşgullanar, Foxconn bolsa Pixel 9 Pro we Pixel 9 Pro XL ýaly flagman modellere ünsi jemlär.
Hindistanda öndürilen gurluşlaryň ep-esli bölegi Ýewropa Bileleşigine we ABŞ-a eksport ediler. Hindistanda Pixel-iň satuwy oňyn dinamikany görkezse-de, ol heniz bu ösen bazarlar bilen deňeşdirilende pes bolmagynda galýar.
Google önümçilik güýjüni Hytaýdan Hindistana geçirýän ýene bir kompaniýa boldy. Ondan öň, Apple iPhone-yň kiçi wersiýalarynyň önümçiligini bu ýurda geçiripdi.


düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

18.06.2026 22:08
2.6k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......