«Roskosmos» amerikanlaryň Aýa barandygyny tassyklady

  • 08.07.2024 22:29
  • 10k+
«Roskosmos» amerikanlaryň Aýa barandygyny tassyklady

«Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň başlygy Ýuriý Borisow amerikan astronawtlaryň Aýda bolandygyny tassyklady. Bu hakda ol Döwlet Dumasyndaky «Hökümet sagadynda» eden çykyşynda habar berdi.

«Elimizde munuň dogrudygyny tassyklaýan tutaryklar bar — amerikaly astronawtlar Aýyň üstünden alyp gaýdan toprak nusgalarynyň bir bölegini rus kärdeşlerine gowşurdylar. Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň bilermenleri Aýdan getirilen topragy öwrenmek boýunça giň gerimli ylmy seljerme-barlag işlerini alyp bardylar. Ylmy netijeler getirilen nusganyň hakykatdan-da Aý topragyna degişlidigini ýüze çykardy. Bu bolsa amerikaly astronawtlaryň Ýeriň tebigy hemrasyna barandyklaryny tassyklaýar» — diýip, Borisow belläp geçdi.

Ýadyňyzda bolsa, 1969-njy ýylyň iýulynda Nil Armstrongyň ýolbaşçylygyndaky «Apollon 11» missiýasynyň kosmonawtlary adamzat taryhynda ilkinji gezek Aýa aýak basypdylar. Aý topragynyň nusgalaryny alyp, Ýere gaýdyp geldiler we kosmos ylmy gözleglerinde täze eýýamy açdylar.
Şeýle hem, Hytaýyň «Çanýe-6» («Chang'e-6») kosmos enjamynyň adamzat taryhynda ilkinji gezek Aýyň arka tarapyndan alnan toprak nusgalaryny Ýere getirendigini bellemelidiris. «Çanýe» ýa-da «Çan E» — gadymy hytaý mifologiýasynda Aý taňrysynyň adydyr.


düýn 17:27
8.8k+

Çilide halkalaýyn Gün tutulmasynyň özboluşly kadrlary surata düşürildi

Öň, 2-nji oktýabrda özboluşly kosmos hadysasynyň – halka şekilli Gün tutulmasynyň bolup geçendigini habar beripdik. Bu ýagdaýda Aý Günüň görünýän ýüzüniň, takmynan, 90%-ini ýapýar. Beýik Britaniýadan astrofotograf...

02.10.2024 19:12
16k+

Moskwada dabaraly ýagdaýda Magtymguly Pyragynyň heýkeli açyldy

30-njy sentýabrda Moskwada M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň merkezi eýwanynda Magtymguly Pyragynyň bürünçden ýasalan heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi diýip, türkmen...

26.09.2024 12:27
14k+

1111 günläp kosmosda: Türkmenistanly kosmonawtyň taryhy rekordy

23-nji sentýabrda Russiýanyň “Roskosmos” döwlet korporasiýasynyň “Soýuz MS-25” kosmos gämisi Ýere gaýdyp geldi. Russiýanyň hem Türkmenistanyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň tälimçi...

24.09.2024 22:06
15k+

374 günläp kosmosda: HKS-de iň dowamly missiýa tamamlandy

“Roskosmosyň” kosmonawtlary Oleg Kononenko we Nikolaý Çub, şeýle hem NASA-nyň astronawty Treýsi Daýson kosmosda 374 gün bolanlaryndan soň Ýere gaýdyp geldiler. Bu missiýa Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) maksatnamasy...