Tisianyň 1995-nji ýylda ogurlanan irki eseri 22,2 million dollara satyldy

  • 07.07.2024 15:20
  • 7.2k+

Christie's auksionynda Tisian Weçellionyň 1512-nji ýylda çekilen “Müsür ýolundaky dynç alyş” (Отдых на пути в Египет) atly kartinasy suratkeşiň suratlary üçin rekord 22,2 million dollara satyldy.

Kartina Tisianyň döredijiliginiň irki döwürlerine degişlidir. Italiýaly suratkeş bu kartinasyny ýaňybir 20 ýaşdan geçiberende döredipdi. Ol kartinada Injilden alnan  sýužeti - Bibi Merýemiň, Ýusubyň we Isanyň Wifleýemden gaçyşyny suratlandyrypdyr.
Surat 150 ýylyň içinde ilkinji gezek auksiona çykdy.
"Müsür ýolundaky dynç alyş " özüniň çylşyrymly taryhy bilen meşhur boldy. 1995-nji ýylda bu eser Longlit mülk jaýyndan ogurlandy we diňe 2002-nji ýylda Londondaky awtobus duralgasynda tapyldy. Çarçuwasyz adaty bir plastik torbajykda ýatan bu  surat soň eýelerine gaýtarylyp berildi.
"Müsür ýolundaky dynç alyş" dürli ýyllarda imperator Napoleon Bonaparta, ilkinji gersog Gamiltona we Saksoniýanyň şa zenan-konsorty Mariýa Tereza Awstriýala degişli bolandygy mälimdir. Kartinanyň täze eýesiniň ady gizlin saklanýar. 

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
993

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......