Aziýadaky yssy howa kofeniň bahasynyň gymmatlamagyna getirdi

  • 06.07.2024 23:56
  • 6.5k+

2024-nji ýylyň ikinji çärýeginiň jemi boýunça dünýäde kofeniň bahasy Aziýadaky adatdan daşary yssy howa sebäpli 18-20% ýokarlandy.

Nikkei Asia-nyň maglumatlaryna görä, aprel-iýun aýlarynda robusta kofesi üçin fýuçersler 18,1%, bir tonna üçin rekord 4394 dollara çenli gymmatlady, arabika üçin fýuçersler bolsa 20,6% ýokarlandy.
Bahalaryň ýokarlanmagyň sebäbi Wýetnamdaky, Tailanddaky we Filippinlerdäki adatdan daşary yssy howa boldy, bu ýerlerde aprel-iýun aýlarynda temperatura Selsiý boýunça 48 gradusa ýetdi. Daýhanlar yzygider ikinji ýyl hasylyň pes bolmagyndan howatyrlanýarlar, bu isleg bilen hödürlemäniň arasyndaky deňagramsyzlygy ýitileşdirer we bahalaryň has ýokarlanmagyna getirer.
Wýetnam ereýän kofeni taýýarlamak üçin ulanylýan robusta däneleriniň global möçberiniň, takmynan, 40%-ini öndürýär.

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
993

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......