Dünýäde iň kuwwatly Android smartfonlary belli boldy: Asus ROG Phone 8 öňdebaryjy

  • 06.07.2024 23:22
  • 4.8k+

AnTuTu bençmarkynyň işläp düzüjileri dünýä bazarynda elýeterli bolan iň öndürijilikli Android smartfonlarynyň reýtingini hödürlediler. Ol Hytaý bazary üçin niýetlenen reýtingden tapawutlanýar.

Şeýlelikde, global reýtingiň lideri Snapdragon 8 Gen 3 bazasynda işleýän oýun smartfony Asus ROG Phone 8 boldy. AnTuTu-nyň 1000 synagynyň netijesi boýunça, ol ortaça 2,11 mln bal gazandy. Onuň yzyndan Snapdragon 8 Gen 3 bilen üpjün edilen Red Magic 9 Pro (2,07 mln) we iQOO 12 (2,03 mln) ýerleşdi.
Şeýle-de, ilkinji onluga Vivo X100 Ultra (1,99 mln), Vivo X100 Pro (1,96 mln), Nubia Z60 Pro (1,95 mln), Vivo X100 (1,95 mln), iQOO Neo9S Pro (1,94 mln), Xiaomi 14 Ultra (1,94 mln) we Xiaomi 14 (1,94 mln) modelleri girdi.
Belläp geçsek, Asus ROG Phone 8 AnTuTu-nyň hytaý reýtinginde-de birinji orny eýeleýär.

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
993

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......