Beýik Britaniýanyň täze premýer-ministri hökümeti düzdi

  • 06.07.2024 22:18
  • 9.9k+

Leýboristik partiýanyň lideri Kir Starmer Beýik Britaniýadaky parlament saýlawlarynda ýeňiş gazanandan soň täze Ministrler Kabinetini düzdi. Bu barada BBC habar berýär.

Şeýlelikde, Forin-ofisiň başlygy wezipesine Dewid Lemmi, goranmak ministri wezipesine Jon Hili bellenildi, Reýçel Riwz bolsa Beýik Britaniýanyň ilkinji zenan maliýe ministri boldy.
Beýleki esasy wezipä bellemeleriň hatarynda şular bar:

  • Iwett Kuper – içeri işler ministri,
  • Şabana Mahmud – adalat ministri,
  • Wes Striting – saglygy goraýyş we durmuş taýdan ösüş ministri,
  • Brijet Fillipson – bilim ministri,
  • Ed Miliband – energetika we uglerod bitaraplygy ministri,
  • Liza Nendi – medeniýet ministri,
  • Jonatan Reýnolds – telekeçilik we söwda ministri,
  • Piter Kaýl – ylym ministri.

Starmeriň kabinetinde premýer-ministriň orunbasary wezipesini 2020-nji ýyldan bäri Leýboristik partiýanyň başlygynyň orunbasary bolan Anjela Reýner eýeledi. Ol deňlik, ýaşaýyş jaý gurluşygy we jemgyýet işleri boýunça döwlet sekretarynyň portfelini aldy.
Pet Makfadden Lankaster gersoglygynyň kansleri wezipesine bellendi. Bu onuň premýer-ministrden soň resmi taýdan kabinetiň iň ýokary derejeli ministridigini aňladýar.
Täze kabinet ykdysady durnuklylygy üpjün etmek, Milli saglygy goraýyş ulgamynda garaşmagyň wagtyny azaltmak, jenaýatçylyk bilen göreşmek we arassa energiýanyň önümçiligi boýunça täze jemgyýetçilik kompaniýasyny döretmek ýaly ileri tutulýan meseleleri çözmäge ünsi jemlär.
Leýboristler terrorçylyk, kontrabanda we adam söwdasy bilen göreşmegiň çäklerinde aýratyn serhet howpsuzlygy gullugyny döretmegi meýilleşdirýärler. Şeýle-de, täze kabinet Angliýanyň mekdeplerinde mugallymlar ştatyny 6,5 müň birlik artdyrmak we başlangyç mekdepleri mugt ertirlik bilen üpjün etmek isleýär.


14.03.2026 15:33
3k+

Beýik Britaniýa asylzadalaryň parlamentde miras boýunça orun almak düzgünini ýatyrdy

Beýik Britaniýanyň parlamenti mirasdar perleriň (asylzadalaryň) Lordlar palatasynda oturmak hukugyny ýatyrýan kanun taslamasyny tassyklady. Bu karar mundan 25 ýyl ozal başlanan parlament reformasyny doly tamamlaýar...

27.02.2026 18:42
5k+

Raşid Meredow «Türkmenistan – Birleşen Patyşalyk Medeni Dialogy» atly täze görnüşi döretmegi teklip etdi

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Londonda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri Iwett Kuper bilen ikitaraplaýyn duşuşygy geçirildi...

27.02.2026 18:19
4.4k+

Türkmenistan Londonda Merkezi Aziýa – Beýik Britaniýa görnüşinde geçirilen ministrler duşuşygyna gatnaşdy

2026-njy ýylyň 26-njy fewralynda Lankaster-haus binasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Beýik Britaniýanyň daşary işler ministrleriniň syýasy dialogy çuňlaşdyrmaga hem-de maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge bagyşlanan mejlisi geçirildi...

26.02.2026 18:11
2.8k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ÝTÖB-iň prezidenti bilen bilelikdäki taslamalary maslahatlaşdy

25-nji fewralda günüň ikinji ýarymynda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň (ÝTÖB) prezidenti Odil Reno-Basso bilen duşuşygy boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň metbugat gullugy habar berdi...