Eminem täze albomynyň çykjak senesini yglan etdi

  • 05.07.2024 14:28
  • 3.4k+

Eminem, “The Death of Slim Shady (Coup De Grâce)” atly täze albomynyň çykjak senesini yglan etdi. Albom 12-nji iýulda internetde peýda bolar.

Repçi bu habary, gara gözli çaganyň dünýä inişi baradaky reklama wideosy bilen bilelikde köpçülige ýetirdi. Wideoda, enäniň gujagyndaky çaga gülýär we onuň kellesinde şahlar peýda bolýar. Wideonyň soňunda, eýýäm diňlemäge elýeterli bolan “Houdini” aýdymy goýberilýär.
Täze albomynda Eminem garaňky “alter-ego”-sy Slim Şeýdi bilen hoşlaşýar.
Slim Şeýdiniň keşbi 1997-nji ýylda peýda bolup, Eminemiň meşhurlygyna uly goşant goşdy. Şeýdiniň adyndan Eminem “Without Me”, “My Name Is”, “The Real Slim Shady” ýaly aýdymalry ýerine ýetirdi.

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
993

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......