Ýaş futbolçylaryň näçesi professional bolup ýetişýär? Barlagyň netijeleri

  • 04.07.2024 14:31
  • 10k+

Esseks uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren täze barlagy ýaş futbolçylaryň näçesiniň professional bolup ýetişmek mümkinçiligini açyp görkezýär. Ylmy işiň netijeleri International Journal of Sports Science & Coaching neşirinde çap edildi.

Bu barlag Madridiň iki sany saýlama futbol akademiýalarynyň bazasynda geçirildi we 2009-njy ýyldan 2021-nji ýyla çenli döwri öz içine aldy.
198 uçurymyň karýerasynyň seljermesi olaryň diňe 6%-iniň (12 adam) soňlugy bilen hünärinde üstünlik gazanandygyny görkezdi. Şeýle-de bolsa, olaryň diňe 4%-i (7 oýunçy) okuwy gutarandan soň, 10 ýylyň içinde Ispaniýanyň ýokary ligasyna çykmagy başardy. Beýleki bäş adam Ispaniýanyň ikinji diwizionynyň toparlarynda oýnap başlady.
Mundan başga-da, ýene dört futbolçy ýurtdan çykyp, daşary ýurtlardaky professional ligalara – adatça, ikinji derejelilerine geçdi.
Hünärmenleriň arasynda ýylyň soňky üç aýynda doglan ýekeje-de oýunçynyň ýokdugyny we akademiýanyň gözden geçirilen oýunçylarynyň 44% -iniň ýanwar, fewral ýa-da mart aýlarynda doglandygyny bellemelidiris. 
Şeýle hem alymlar oýunçylaryň karýerasyna psihologiki faktorlaryň edýän täsirini öwrendiler hem-de topy kabul etmek, gözegçilik etmek, alyp gitmek we merkeze süýşürmek ýaly hünär üstünlikleri bilen tehniki başarnyklaryň arasyndaky baglanyşygy kesgitlediler. Tälimçilere ýaş futbolçylarda üstünlik gazanmak mümkinçiligini ýokarlandyrmak üçin bu başarnyklary terbiýelemäge, şeýle hem olarda özüne bolan ynamy ösdürmäge has köp üns bermek maslahat berilýär.  
Ýeri gelende aýtsak, derwezebanlar öz eýeleýän orunlarynyň aýratynlygy sebäpli barlaga goşulmady. Şeýle-de bolsa, başga bir ylmy iş derwezebanlaryň olary  meýdan oýunçylaryndan we umuman, adamlardan tapawutlandyrýan akyl gurluşynyň  bardygyny görkezdi. Olaryň beýnileri dürli duýgy agzalaryndan gelýän  yşaratlary has çalt birleşdirip bilýärler.


şu gün 10:24
3.8k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.9k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
8.1k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.2k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......