Nikon Comedy Wildlife Awards haýwanlaryň täsin hem gülkünç suratlaryny görkezdi

  • 04.07.2024 12:13
  • 8.8k+

Her ýyl ýabany haýwanlaryň gülkünç suratlaryny belleýän abraýly Nikon Comedy Wildlife Awards baýragyna arzalaryň kabul ediliş möhletiniň gutarmagyna bir aýdan az wagt galdy. Fotograflary ruhlandyrmak we köpçüligiň şähdini götermek üçin bäsleşigiň guramaçylary eýýäm gelip gowşan iň gowy işleriň birnäçesi bilen paýlaşdylar.

Bu gezek tomaşaçylara şaha-gitarany çalýan leniwes, “üç kelleli” žiraf we “gülmekden ýaňa ýykylyp ýatan” düwlen bilen gülkünç kadrlar garaşýar.
Baýragyň maksady diňe bir adamlary güldürmek däl, eýsem ýabany tebigaty gorap saklamak meselelerine ünsi çekmekdir. Alnan ähli serişdeler haýwanlary goramak bilen meşgullanýan haýyr-sahawat guramalaryna kömek üçin gönükdiriler.
Nikon Comedy Wildlife Awards 2024 üçin arzalaryň kabul edilişi 31-nji iýula çenli dowam edýär. Baýrak ugrunda professional fotograflar bolşy ýaly, höwesjeňler hem bäsleşip biler. Bäsleşige gatnaşmak – mugt.
Baş baýragyň eýesi Keniýadaky Masai Mara safarisine gezelenç we Tanzaniýanyň Dar-es-Salam şäherindäki The Wonder Workshop-dan elde döredilen özboluşly kubogy alar. Beýleki baýraklaryň arasynda kiçi kategoriýadaky ýeňiji üçin Nikon Z30 fotokamerasy, Nikon Z8 toplumy, şeýle-de “Ýaş fotograf” kategoriýasynda ýeňiji üçin Affinity Photo programma üpjünçiligi bolan täze iPad bar. Şeýle-de, ähli kategoriýalaryň ýeňijileri Think Thank fotoapparat torbasyny alarlar.

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
993

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......