Transfermarkt klubsyz iň gymmat futbolçylary saýlady

  • 02.07.2024 07:21
  • 12k+

Transfermarkt portaly 2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan erkin agent ýagdaýyndaky (klubsyz) iň gymmat futbolçylaryň sanawyny düzdi. Birinji orunda Italiýanyň “Ýuwentusyny” terk eden Fransiýanyň milli ýygyndysynyň ýarym goragçysy Adrien Rabýo ýerleşdi. 29 ýaşly oýunçynyň bahasy 35 mln ýewro.

Geçen möwsümde Rabýo “Ýuwentus” üçin 35 oýna gatnaşyp, bäş gol geçirdi we üç netijeli geçirim etdi. Häzir ol Ýewro-2024 ýaryşyna gatnaşýar we toparyň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanýar.
Şeýle-de, ilkinji onluga şular girýär:

  • Mario Ermoso (29 ýaş, Ispaniýa, ýarym goragçy, soňky kluby – “Atletiko”) – €25 mln;
  • Gigo Rodriges (30, Argentina, ýarym goragçy, “Betis”) – €20 mln;
  • Rafael Waran (31, Fransiýa, goragçy, “Mançester Ýunaýted”) – €20 mln;
  • Daiti Kamada (27, Ýaponiýa, ýarym goragçy, “Lasio”) – €18 mln;
  • Wilfred Ndidi (27, Nigeriýa, ýarym goragçy, “Lester”) – €16 mln;
  • Çe Adams (27, Şotlandiýa, hüjümçi, “Sautgempton”) – €15 mln;
  • Keleçi Iheanaço (27, Nigeriýa, hüjümçi, “Lester”) – €12 mln;
  • Aleks Berenger (28, Ispaniýa, hüjümçi, “Atletik”) – €12 mln;
  • Raýan Sessenýon (24, Angliýa, ýarym goragçy, “Tottenhem”) – €10 mln.

şu gün 10:24
3.2k+

Iraola resmi taýdan «Liwerpulyň» baş tälimçisi boldy, ýöne şertnamanyň möhleti aýdylmady

«Liwerpul» futbol kluby 43 ýaşly ispan hünärmeni Andoni Iraolanyň toparyň baş tälimçisi wezipesine bellenilendigini resmi taýdan yglan etdi. Şol bir wagtda, mersisaýdlylar täze halypa bilen baglaşylan......

şu gün 08:15
2.6k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....

düýn 15:52
7.9k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

04.06.2026 23:46
5.1k+

Barselona kazyýeti Žoan Laporta garşy gozgalan işi ýapdy: ähli aýyplamalar aýryldy

Barselonanyň sebit kazyýeti «Barselona» futbol klubunyň prezidenti Žoan Laporta garşy «Core Store» we «CSSB Limited» kompaniýalarynyň taslamalaryna maýa goýumlary bilen baglanyşykly galplyk aýyplamalary......