Eýnşteýniň duýduryş haty auksionda satylar. Oňa 4 million dollar nyrh kesdiler

  • 01.07.2024 12:07
  • 8.5k+

Albert Eýnşteýniň 1939-njy ýylda ABŞ-nyň prezidenti Franklin D.Ruzwelte ýazan haty sentýabr aýynda Nýu-Ýorkdaky Christie's auksionyna çykarylar. Wall Street Journal neşiriniň ýazmagyna görä, ol auksionda 4 million dollara gider diýip garaşylýar.

Bu hatda Eýnşteýn Germaniýanyň atom bombasyny döretmeginiň mümkindigi barada Ruzwelte duýdurýar. Bu habaryň täsiri bilen ABŞ-nyň prezidenti Amerikanyň ýadro ýaragyny ösdürmek maksatnamasy bolan Manhetten taslamasynyň esasyny düzen komiteti döretdi.
Hatyň asyl nusgasy Nýu-Ýork ştatynda, Gaýd-parkdaky Prezident muzeý-kitaphanasynyň gaznasynda saklanýar. Şeýle-de bolsa, auksiona onuň has gysga nusgasy çykarylýar, ony Eýnşteýniň kärdeşi, asly wenger-ýewreý bolan amerikaly fizik Leo Silard saklap galypdyr.


şu gün 00:57
2.3k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......