Konor Makgregor Hitman: World of Assassination oýnunyň personažy boldy

  • 29.06.2024 16:52
  • 11k+

Iki agram derejesinde Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) öňki çempiony Konor Makgregor Hitman: World of Assassination wideo oýnunyň personažy boldy. Bu barada IO Interactive işläp düzüjisiniň YouTube kanalyna salgylanyp, RIA Nowosti habar berýär.

Täze missiýada oýunçylar daşky keşbi boýunça doly derejede Makgregoryň obrazyny gaýtalaýan personaž “Ýok edijini” (The Disruptor) öldürmeli bolarlar.
Sýužet boýunça, “Ýok ediji” – tehnologiýa kompaniýasynyň baş müdiri bilen duşman bolan multimillioner we MMA ýyldyzy. Hut şu gapma-garşylyk ony Agent 47 üçin nyşana öwürýär.
35 ýaşly Makgregor UFC-niň iň meşhur söweşijileriniň biri hökmünde bellidir. Onuň hasabynda garyşyk başa-baş söweşlerde 22 ýeňiş we 6 ýeňliş bar. Ol ýeňil we ýarym ýeňil diwizionlarda çempion guşaklaryna eýeçilik etdi.

düýn 20:14
2.4k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
993

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.1k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......