Toyota Grand Highlander-iň we Lexus TX -iň satuwyny togtatdy we 145 müň awtoulagy yzyna çagyrdy

  • 25.06.2024 16:00
  • 16k+

Toyota 20-nji iýundan başlap ABŞ-da özüniň üç hatarly täze Toyota Grand Highlander we Lexus TX kysymly awtoulaglarynyň satuwyny wagtlaýyn togtadýandygyny mälim etdi diýip, Motor1 habar berýär.

Munuň sebäbi howpsuzlyk ýassygy ulgamyndaky kemçilik bilen baglanyşyklydyr. Eger gapdal gapynyň penjiresi aşak goýberilen bolsa, sürüji tarapdaky gapdal howpsuzlyk  perdejigi işlemän biler. Şol bir wagtda howpsuzlyk perdejiginiň  özi sürüjiniň kellesiniň gapdalynda penjiräniň ýokarsynda ýerleşýär we heläkçilik bolan ýagdaýynda bedeniň ýokarky bölegini goramak üçin niýetlenendir.
Şunuň bilen baglylykda, Toyota 2024-nji ýylda goýberilen, 145 müň töweregi ulagy yzyna çagyrdy. Häzirlikçe meseläniň çözgüdi tapylmady. Awtoulag öndürijisi kemçiligi awgust aýynyň ortalaryna çenli düzetmegi meýilleşdirýär.
Şu ýyl ilkinji gezek çykan Grand Highlander we Lexus TX konsepsiýasy biri-birine golaý modeller hökmünde orun alýar. Iki model hem 2,4 litrlik turbo görnüşli benzinli hereketlendiriji bilen işleýär, ýöne Grand Highlander 362 at güýçli goşmaça Hybrid Max hödürleýär we Lexus TX bolsa 406 at güýçli gibrid güýç gurluşyna eýedir.
ABŞ-da Toyota Grand Highlander 2024-iň bahasy 44 715 dollardan başlaýar, Lexus TX biraz gymmat – 55 050 dollardan başlaýar.


düýn 21:15
2.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......