ABŞ-da dünýäniň iň betnyşan iti saýlandy

  • 25.06.2024 13:05
  • 12k+

Kaliforniýada dünýäde iň betnyşan it ady ugrundaky bäsleşigiň ýeňijisi saýlandy.

2024-nji ýylda bäsleşigiň ýeňijisi Waýld Teng atly pekines boldy. Oregon amerikan şäherinden bolan bu it bäsleşige mundan öň dört gezek gatnaşdy. Ahyrynda, oňa bäşinji synanyşykda ýeňiji bolmak başartdy.
Pekinesiň adaty bolmadyk görnüşi 10 hepde ýaşynda başdan geçiren “mergi” (Karre keseli) – haýwanlaryň agyr ýokanç keseli bilen baglanyşyklydyr. Keselden soň itiň dişleri ösmegini bes etdi. Şonuň üçin onuň agzyndan dili hemişe daşyna sallanýar. Kesel myşsalaryň işine-de täsirini ýetirdi, şol sebäpli itjagaz geň ýöreýär.
Ýeňşi üçin Waýld Teng we onuň eýesi Enn Lýuis 5 müň dollar möçberinde baýrak alarlar we NBC teleşouwyna gatnaşarlar.


Bäsleşikde ikinji orny we 3 müň dollary 14 ýaşly mops Roum aldy. It tekerli proteziň kömegi bilen hereket edýär. Ol bäsleşige ilkinji gezek gatnaşdy.

Üçünji orny 14 ýaşly Deýzi Meý eýeledi. Ol häzirki eýeleri halas edýänçä iki ýaşyna çenli öýsüz gezdi. It gözüni we ähli dişlerini ýitirdi, ýöne häzir ol alada bilen gurşalýar.
“Dünýäde iň betnyşan it” bäsleşigi ýarym asyr bäri geçirilýär. Çäräniň düýp manysy haýwanlaryň kemçilikleriniň olary aýratyn we beýlekilerden tapawutly edýändigini görkezmekden ybarat.


şu gün 00:57
2.1k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......