Ýewro-2024: Şweýsariýa pleý-off-da, Wengriýa iň giçki goly geçirdi, Noýer rekordy täzeledi

  • 24.06.2024 10:50
  • 11k+

Germaniýanyň milli ýygyndysy Şweýsariýa bilen 1:1 hasapda oýnap, Ýewro-2024-üň  A toparynda birinji orundan pleý-off tapgyryna çykdy. Duşuşyk Maýn boýundaky Frankfurtda geçirildi.

28-nji minutda şweýsariýalylar Dan Ndoýyň geçiren goly bilen öňe çykdylar. Germaniýa hasaby ikinji ýaryma goşulan soňky minutlarda deňlemegi başardy. 90+2-nji minutda Niklas Fýullkrug gol geçirdi.
Bu duşuşyk Manuel Noýer üçin rekord duşuşyk boldy. 38 ýaşly derwezeban Ýewropa çempionatlarynda 18-nji duşuşygyny geçirip, bu görkeziji babatda Janluiji Buffondan geçdi.

Bu toparda ugurdaş duşuşykda Ştutgartda Wengriýanyň milli ýygyndysy 100-nji minutda gol geçirip, 1:0 hasap bilen Şotlandiýadan üstün çykdy. Kewin Çobot (90+10) gol geçirdi.
Bu gol Ýewropa çempionatlarynyň taryhynda goşmaça oýnalan ýarymlary hasaba almazdan (99:32) geçirilen iň giçki gol boldy.
Ikinji ýarymda şotlandiýalylar derwezebany bilen çaknyşykdan soň Wengriýanyň hüjümçisi Barnabaş Warga agyr şikes alyp, özünden gitdi. Oýun birnäçe wagtlyk togtadyldy, oýunçyny meýdançadan kislorod maskaly göterip çykardylar.
Şeýlelikde, Germaniýa (7) we Şweýsariýa (5) Ýewronyň pleý-off tapgyryna degişlilikde birinji we ikinji ýerden çykdylar. Wengriýalylar 3 utuk toplap, pleý-off-a çykmak üçin teoretiki mümkinçilik aldylar. Şotlandiýa 1 utuk bilen öýüne gaýtdy.
Germaniýa 29-njy iýunda Dortmundda 1/8 finalda C toparyň ikinji ýer alan ýygyndysy bilen duşuşar (Angliýa, Daniýa, Sloweniýa ýa-da Serbiýa). Şweýsariýa 29-njy iýunda Berlinde B toparyň ikinji ýer alan ýygyndysy bilen duşuşar (Italiýa, Albaniýa ýa-da Horwatiýa).


düýn 15:42
4.8k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
11k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.8k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......