Britaniýanyň ýaşaýjysy galtak arabasynyň tizligini sagatda 84 km-e ýetirip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 21.06.2024 12:41
  • 19k+

Britaniýaly Dilan Fillips galtak arabasynyň tizligini sagatda 84,627 km tizlige ýetirip, dünýäde şeýle arabanyň tizlik rekordyny goýdy. Ginnesiň rekordlar kitabynda habar berlişine görä, bu üstünlik Demirgazyk Ýorkşiriň Elwington howa menzilinde hasaba alyndy.

Fillipsiň üýtgedilip gurlan arabasy gaz hereketlendirijisi  we agramy deň paýlamak üçin goşmaça tigirler bilen enjamlaşdyrylan. Rekord goýmak ýaryşy wagtynda  oýlap tapyjynyň özi arabanyň tutawajynyň öňüne kebşirlenen ýörite platformada çöke düşüp oturdy.
Öňki rekord eýesiniň 2020-nji ýylda gazanan üstünliginiň sagatda 10 km yza galandygy bellendi.
Fillips iň çalt galtak arabany döretmek pikiriniň dostlukly söhbetdeşlik wagtynda dörändigini boýun aldy. Bu ugurda goýlan rekord barada internetden maglumat gözlänsoň, ony täzelemek kararyna geldi.

 


düýn 19:18
2.4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

16.06.2026 23:19
2.2k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......