Makgregor Ronaldunyň Ýewro-2024-üň iň gowy bombardiri bolmagyna €60 müň goýdy

  • 21.06.2024 09:14
  • 20k+

Iki agram kategoriýasynda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor Kriştianu Ronaldunyň 2024-nji ýylyň futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň iň gowy bombardiri boljakdygyna ynam bildirip, €60 müň goýdy. Bu barada söweşiji X sosial ulgamynda habar berip, bukmeker programmasyndan ekran suratyny ýerleşdirdi.

Ronaldu ýeňiş gazanan ýagdaýynda Makgregor €900 müň alar, onuň arassa utuşy bolsa €840 müň bolar.
Irlandiýaly türgen pul goýumyny 14-nji iýunda, ýaryşyň başlanmagynyň öňüsyrasynda amala aşyrdy.
Ýewro-2024-üň toparlaýyn tapgyrynyň birinji oýnunda Portugaliýanyň milli ýygyndysy esasy düzümde Ronaldu bilen Çehiýanyň toparyny 2:1 hasabynda utdy. Bu oýunda Ronaldu gol bilen tapawutlanmady.
Belläp geçsek, portugaliýaly hüjümçi taryhda alty Ýewropa çempionatynda oýnan ilkinji futbolçy boldy.


düýn 19:10
4.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
6.5k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.5k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....