“Barselona” Hindistandaky ähli futbol akademiýalaryny ýapdy

  • 21.06.2024 10:28
  • 10k+

“Barselona” Hindistandaky ähli futbol akademiýalaryny maksatnama işe girizilenden 14 ýyl soň ýapdy. Bu barada klubuň saýtynda habar berilýär.

2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan “Barselonanyň” futbol mekdepleri Delide, Mumbaýda, Bangalorda we Punede işini bes eder. Klub akademiýalaryň okuwçylaryna we olaryň maşgalalaryna eýýäm degişli habary iberdi.
Iň meşhur futbol klublarynyň biri bolan “Barselonanyň” ýaşlar taslamasy Hindistanda 2010-njy ýylda işe girizildi, şondan soň müňlerçe ýaşlar “Barsanyň” stilinde we toparyň gymmatlyklaryny göz öňünde tutup, futbol oýnamagy öwrenip başlady.
“Barsa” ýaş futbolçylaryň maşgalalaryna köp ýyllaryň dowamynda taslama bolan ynamlary üçin, şeýle-de ähli tälimçilere, hyzmat ediji işgärlere we Hindistanda toparyň akademiýa boýunça hyzmatdaşy Conscient Sports kompaniýasyna minnetdarlyk bildirýär” – diýlip, klubuň habarynda aýdylýar.
Klub 1,4 milliarddan gowrak adamyň ýaşaýan ýurdunda ýaş zehinli futbolçylary gözlemek maksatnamasyny ýatyrmagynyň sebäbini görkezmeýär.
“Barselonanyň” çagalar-ýetginjekler futbol merkezleri dört ýaşdan 17 ýaş aralygyndaky oglanlar we gyzlar üçin niýetlenendir. Türgenleşik prosesi Kataloniýa klubunyň usulyýetine we filosofiýasyna laýyklykda gurnalýar. Dürli döwürlerde “Barselonanyň” ýetginjekler sistemasyndan köp sanly meşhur futbolçylar, şol sanda argentinaly hüjümçi Lionel Messi-de geçdi. Ol akademiýa 13 ýaşynda girdi.


şu gün 13:41
1.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

şu gün 12:43
2.6k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

düýn 13:51
9.4k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......