105 ýaşly amerikaly aýal Stenfordda magistr derejesini aldy

  • 20.06.2024 19:11
  • 12k+

105 ýaşly Wirjiniýa Hislop Stenford uniwersitetinde okuwa başlanyndan 83 ýyl soň magistr derejesini aldy. Bu barada NBC News habar berýär.

Hislop 1936-njy ýylda Stenford uniwersitetine okuwa girdi we bakalawr derejesini aldy. Ol ýyllyk işini tamamlady we magistr derejesini almak üçin öz dissertasiýasynyň gutarnykly görnüşini tabşyrmalydy. Munuň deregine ol Oklahoma asal aýyna gidýär. 1941-nji ýylda ABŞ Ikinji jahan urşuna girenden soň, ol ýoldaşyna harby gulluga çagyryşa taýýarlanmaga kömek edýär.
Uruşdan soň Hislop ýoldaşy bilen Waşington ştatyna gelýär. Adamsy maldarçylyk bilen meşgullanýar, aýal bolsa özüni bilim pudagynda jemgyýetçilik işlerine bagyşlaýar. Mysal üçin, 2018-nji ýylda Hislop Bounty of the Valley stipendiýa agşamlygyny guraýar, bu hem talyplaryň okuwy üçin tas 6 mln dollar ýygnaýar.
83 ýyldan soň 105 ýaşly aýal Stenforda gaýdyp geldi. Hislopa magistr diplomyny Ýokary bilim mekdebiniň dekany Deniel Şwarsyň özi gowşurdy.


şu gün 00:57
1.9k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......