Counter-Strike oýnuna 25 ýyl doldy

  • 20.06.2024 18:48
  • 6k+

1999-njy ýylyň 19-njy iýunynda Half-Life oýny üçin täzeleýiş çykdy. Netijede, 25 ýylyň içinde Counter-Strike şuteri özboluşly taslama we tutuş dünýäde millionlarça muşdagy jemlän kibersport hadysasyna öwrüldi.

Bary-ýogy birnäçe hepdäniň içinde döredilen Counter-Strike-yň ilkinji beta-wersiýasy gaty diskde bary-ýogy 8 MB ýer tutdy. Ol 10 görnüşli ýaragy we 4 kartany (cs_siege, cs_mansion, cs_wpndepot и cs_prison) öz içine alyp, oýunçylara ýeke-täk režimi – zamun saklanýan adamlary halas etmekligi hödürleýärdi.
2000-nji ýylyň noýabr aýynda oýun Counter-Strike 1.0 ady bilen çykdy, 2003-nji ýylyň sentýabr aýynda bolsa Counter-Strike 1.6 wersiýasy peýda boldy.
2012-nji ýylda franşiza üçin täze döwri alamatlandyrýan Counter-Strike: Global Offensive çykaryldy. 2023-nji ýylda bolsa oýun älemini giňeltmegi dowam etdirýän doly derejeli täze bölüm Counter-Strike 2 çykdy.
Häzirki günde professional oýunçylar abraýly ýaryşlarda millionlarça dollar baýrak ugrunda bäsleşýärler. Counter-Strike dünýäde iň meşhur oýunlaryň biri bolmagynda galýar. Her gün 1 milliondan gowrak geýmer bu oýny onlaýn oýnaýar, rekord bolsa 1,8 milliondan gowrak görkezijide hasaba alyndy, bu hem oýny Steam-de iň meşhur oýunlaryň reýtinginde üçünji orunda goýýar (ondan öňde PUBG we Palworld bar).
25 ýylyň dowamynda Counter-Strike köp üýtgeşmeleri başdan geçirdi, ýöne öz esasy konsepsiýasyna – iki toparyň: terrorçylar bilen ýörite harby toparyň arasyndaky dartgynly gapma-garşylyga wepaly bolup galdy.

düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......