ABŞ-nyň Newada ştatynda daglyk ýerde syrly aýna sütüni tapyldy

  • 20.06.2024 12:54
  • 19k+

ABŞ-nyň Newada ştatynyň daglyk ýerinde Las-Wegasyň polisiýa bölüminiň işgärleri geň aýna sütüniniň üstünden bardylar. 2024-nji ýylyň mart aýynda Uelsde hem şuňa meňzeş bir obýektiň tapylandygy habar berlipdi diýip, Naked Science habar berýär.

Sütün Stenli Kubrikiň “2001-nji ýyl: kosmiki odisseýa” ylmy-hyýaly filmindäki gara monolite meňzeýär. 2020-nji ýyldan bäri şuňa meňzeş obýektler Ýuta, Kaliforniýa, Nýu-Mehiko we hatda Rumyniýa ýaly dürli ýerlerden tapyldy.
Häzirlikçe bu obýektleriň tebigaty belli däl. Olar, çak bilen, sungat gurnamalary hasaplanýar, ýöne gelip çykyşy entek kesgitlenmedi.


24.04.2026 18:54
10k+

ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi....

16.04.2026 14:05
8.9k+

ABŞ-da güýçli siklon: tornado bilen doly 130 million adama zyýan ýetirdi

ABŞ-nyň Tehas ştatyndan Nýu-Ýorka çenli bolan çäklerinde tornado, doly we çabga ýagyşlaryna sebäp bolan güýçli siklon boldy. FOX Weather gullugynyň maglumatlaryna görä, tebigy harasat 130 million ýaşaýja täsir......

23.03.2026 07:22
6.5k+

Gawai adalarynda 20 ýylda dörän iň güýçli sil zerarly müňlerçe adam göçürilýär

Gawai adalarynda soňky 20 ýylyň iň güýçli sili hasaba alyndy. AP habar gullugy ýerli häkimiýetlere salgylanyp, güýçli ýagyşlar zerarly Oahu adasynyň uly bölegini suw alandygyny we 5,5 müňden gowrak adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigini habar berýär...

23.03.2026 05:25
4.6k+

ABŞ-da mart aýy üçin rekord derejedäki yssy hasaba alyndy

ABŞ-nyň günorta-günbatarynda howanyň temperaturasy adatdan daşary derejä ýetip, ozalky iň ýokary görkezijileri täzeledi. Bilermenler sebitdäki mart aýy üçin rekord derejedäki bu jöwzany global howa üýtgemegi bilen baglanyşdyrýarlar...