Coldplay toparynyň täze albomy gaýtadan işlenen plastikden ýasalan plastinkalarda çykar

  • 20.06.2024 00:08
  • 3.3k+

Meşhur pop-rok topary Coldplay 4-nji oktýabrda indiki “Moon Music” albomynyň çykaryljakdygyny anons etdi. Albom gaýtadan işlenen plastik çüýşelerden ýasalan plastinkada çykar diýip, “The Guardian” gazeti habar berdi.

Her 140 gram plastinkany çykarmak üçin hojalyk galyndylaryndan ýygnalan 9 plastik çüýşesi gerek bolýar. Ýörite wersiýa üçin Gonduras aýlagyna we Atlantik ummanyna düşmeginiň öňüni almak üçin Gwatemalada The Ocean Cleanup guramasy tarapyndan tutulyp alnan plastik ulanylar.
Topar şeýle çemeleşmäniň kömürturşy gazynyň zyňyndylaryny adaty winil plastinkalaryň önümçiligi bilen deňeşdirilende 85% azaltmaga we 25 tonna başlangyç plastmassa önümçiliginiň öňüni almaga mümkinçilik berjekdigini aýdýar. Ykjam diskler hem 90% gaýtadan işlenen plastikden taýýarlanyp, zyňyndylary adaty önümçilik bilen deňeşdirilende 78% azaldar.
Şeýle-de, Coldplay gastrollaryň daşky gurşawa ýetirýän täsirini azaltmaga çalyşýar. Topar ähli döwürleriň üçünji iň girdejili syýahaty diýlip ykrar edilen “Music of the Spheres” konsert syýahatyny dowam etdirýär.
Öň, Coldplay kömürturşy gazynyň zyňyndylarynyň öňki syýahat bilen deňeşdirilende 59% azalandygyny aýtdylar. Sazandalar awiauçuşlaryň sanyny azaltdylar we “döredijilikli tehnologiýa çözgütlerini”, mysal üçin, märekäniň hereketinden alynýan energiýanyň hasabyna işleýän “kinetiki tans meýdançalaryny” hödürlediler.
“Moon Music” toparyň 10-njy albomy bolar. Ýazgy üçin topar mundan öňki “Music of the Spheres” albomynyň prodýuseri Maks Martini çekdi. Ol Backstreet Boys, NSYNC, Britni Spirs, Maroon 5, Teýlor Swift we The Weeknd ýaly ýyldyzlaryň ençeme hitleriniň awtorydyr.
Täze albomdan ilkinji aýdym “feelslikeimfallinginlove” 21-nji iýunda çykar.

düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......