Ýewro-2024: Türkiýe Gruziýany, Portugaliýa Çehiýany ýeňdi

  • 19.06.2024 10:58
  • 10k+

Ýewro-2024-üň toparlaýyn tapgyrynyň birinji oýnunda Türkiýäniň milli ýygyndysy 3:1 hasap bilen Gruziýadan üstün çykdy. Duşuşyk Dortmunda geçirildi.

Türkler Mert Mýulduryň urgusy bilen 25 minutda hasaby açdylar. 32-nji minutda Georgiý Koçoraşwili Gruziýanyň Ýewropa çempionatyndaky ilkinji goluny geçirip, hasaby deňledi.
65-nji minutda "Realyň" 19 ýaşly ýarymgoragçysy Arda Güler jerime meýdançasynyň daşyndan dürs urgusy bilen toparyny öňe çykardy.
Gutarnykly hasap oýnuň soňky minutynda goýuldy. Gruzinler türkleriň derwezesine topar bolup hüjüm etdiler, jerime meýdançasyna hatda olaryň derwezebany Mamardaşwili hem geldi. Emma hüjümiň dowamynda Türkiýeden Kerem Aktürkogly ýeke özi boş derwezä tarap hüjüm etmäge mümkinçilik alyp, gol geçirdi.

F toparyň beýleki duşuşygynda Portugaliýa 2:1 hasap bilen Çehiýadan üstün çykdy. Duşuşyk Leýpsigde güýçli ýagşyň astynda geçdi.
Çehler Lukaş Prowodyň urgusy bilen 62-nji minutda hasaby açsalar-da, artykmaçlygyny saklap bilmediler. 69-njy minutda Çehiýadan Robin Granaç topy öz derwezesine gönükdirdi.  Fransişku Konseýsau bolsa ikinji ýaryma goşmaça goşulan ikinji minutda ýeňiş goluny geçirdi.
Netijede Türkiýe we Portugaliýa F toparda birinji orny eýelediler. Indiki tapgyrda Dortmundda bu toparlaryň duşuşygy geçiriler. Gruziýa bolsa Leýpsigde Çehiýa bilen duşuşar. Duşuşyklaryň ikisi hem 22-nji iýunda geçiriler.


şu gün 14:35
861

DÇ-2026-nyň huşuňy göçüren güni: Braziliýadan 96-njy minutda kambek, Germaniýa bilen Niderlandlara bolsa «Hoş!» diýýäris...

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/16 finalynyň nobatdaky duşuşyklary janköýerlere duýgy joşgunlaryny iň esasy hem, soňky sekuntlara çenli dowam eden dramalary we ýewropa ägirtleriniň ýeňlişi bilen......

şu gün 08:32
2.2k+

Enso Mareska «Mançester Sitiniň» tälimçisi boldy

«Mançester Siti» toparyň baş tälimçisi wezipesine Enso Mareskanyň bellenendigini yglan etdi. Italiýaly hünärmen bilen baglaşylan şertnama 2029-njy ýyla çenli niýetlenendir....

düýn 16:30
8.5k+

Duýgy ýeňermi akyl?: Muny bu gije DÇ-2026-nyň 1/16 final tapgyrynyň iň gyzykly oýunlary görkezer

Dünýä çempionatynyň 2026-njy ýyldaky 1/16 final tapgyry janköýerlere dürs usullara baý hüjümler, belent sesli beýanatlar we ýyldyzlaryň hantamaçylykly gaýdyp gelişlerinden doly gyzykly futbol duşuşyklaryny......

düýn 13:18
5.3k+

DÇ-2026: Kanada soňky minutlarda gol geçirip, 1/8 finala çykdy

Dünýä çempionatynda 1/16 finalyň 1-nji oýny geçirildi. ABŞ-nyň Inglwud şäherindäki «Soý-Faý» stadionynda geçirilen oýunda Kanadanyň ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysyny 1:0 hasabynda ýeňip, 1/8......