Lamborghini Countach superkaryny 180 dollara ýygnap bolýar: Lego onuň kiçi nusgasyny çykardy

  • 18.06.2024 16:23
  • 8k+

Lego ulular üçin niýetlenen Lamborghini Countach superkarynyň täze modelini Icons çylşyrymly gurluşyk toplumlarynyň hatarynda hödürledi.

Meşhur kupeniň jikme-jik nusgasy 4-nji iýuldan satuwda peýda bolar, bahasy – 179,99 dollar.
Lego model üçin 1985-nji ýylda çykan Countach 5000 Quattrovalvole modifikasiýasyny saýlady. Nusga ozalky wersiýasy bolan LP500 S-den has uly V12 hereketlendirijisi we her silindr üçin dört klapan bilen tapawutlandy. 

Lego-nyň Lamborghini Countach modeliniň uzynlygy 34 santimetr, ini 16 santimetr we beýikligi 9 santimetr. Ol aşagynda V12 iň kiçi görnüşi bolan hereketlendiriji bölüminiň gapagy ýokaryk galýan “gaýçy” gapylary we funksional rul dolandyryjysy bilen enjamlaşdyrylandyr. Kuzowy ak, iç ýüzi bolsa gyzyl reňkdedir. Toplumda 1506 bölek bar.


29.11.2024 20:52
8.6k+

Redmi K80 Pro we Lamborghini-niň stilinde K80 Pro Champion Edition hödürlendi

Xiaomi Hytaýda kämilleşdirilen aýratynlyklar we ýokary tizlikli zarýad beriş bilen öz subbrendiniň täze Redmi K80 Pro flagman smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Model Snapdragon 8 Elite çibi, kuwwatly batareýa...

10.08.2023 13:20
21k+

«Uoll-stritiň möjegi» filmindäki awtoulag auksiona çykaryldy

Martin Skorsezeniň «Uoll-stritiň möjegi» filminde peýdalanylan «Lamborghini Countach 25th Anniversary edition» kysymly awtoulag «RM Sotheby's» auksionynda satylar. Bu barada gazeta.ru Hypebeast saýtyna salgylanyp...

düýn 18:02
1.8k+

Gazagystanda geçirilýän "Gorkut Ata" kinofestiwalynda täze türkmen filmleri hödürlenildi

Gazagystanyň Mangistau welaýatynyň Aktau şäherinde geçirilýän «Gorkut Ata» halkara kino festiwalynda täze türkmen filmleri hödürlendi. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýeti festiwala şu filmleri...

düýn 17:14
1.1k+

Netflix Gilýermo del Toronyň “Frankenşteýn” filminiň täze treýlerini görkezdi

Netflix režissýor Gilýermo del Toro tarapyndan düşürilen “Frankenşteýn” romanynyň ekranlaşdyrmasynyň ikinji treýlerini çykardy. Platformada filmiň premýerasy 7-nji noýabra meýilleşdirilýär. Baş keşpleri Oskar Aýzek, Jeýkob Elordi, Mia Got we Kristof Wals ýerine ýetirdi...