Belgiýa Slowakiýadan utuldy. Ýewro-2024-üň 4-nji oýun gününiň netijeleri

  • 18.06.2024 10:11
  • 10k+

Germaniýada dowam edýän futbol boýunça Ýewropa çempionatynda Ukrainanyň milli ýygyndysy garaşylmadyk ýagdaýda Rumyniýadan 3:0 hasabynda utuldy.

Geçen Ýewro-da çärýek final tapgyra barmagy başaran ukrainalylar ähli görkezijiler babatda garşydaşyndan asgyn geldiler. Rumyniýa 29-njy minutda Nikolae Stançunyň uzakdan goly bilen hasaby açdy, ikinji ýarymda Razwan Marin (53) we Denis Draguş (57) hasaby artdyrdy.

E toparyň beýleki oýnunda Slowakiýa 1:0 hasap bilen Belgiýadan üstün çykdy. Ýeke-täk goly 7-nji minutda Iwan Şrans geçirdi.
Belgiýalylar duşuşygyň barşynda iki gezek - 56-njy we 86-njy minutlarda Romelu Lukakunyň goluny baýram etdiler. Emma olaryň ikisi hem wideogaýtalamadan soň ýatyryldy. Birinjide oýundan daşardaky ýagdaý hasaba alyndy, ikini gezekde bolsa hüjümde oýunçynyň el bilen oýnandygy ýüze çykaryldy.
Indiki tapgyrda slowakiýalylar 21-nji iýunda ukrainalylar bilen, belgiýalylar bolsa 22-nji iýunda rumynlar bilen duşuşar.


D toparda Fransiýanyň milli ýygyndysy Maksimiliana Weberiň öz derwezesine geçiren goly bilen (38) Awstriýany ýeňdiler. Weber Mbappeniň urgusyndan soň topy ýalňyşlyk bilen öz derwezesine gönükdirdi. Öňküsi gün bu topardan Niderlandlar 2:1 hasap bilen Polşany utdular.

Fransuzlar indiki duşuşygyny niderlandlara, Awstriýa bolsa Polşa garşy geçirer.


şu gün 14:15
3.4k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

düýn 15:58
11k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

düýn 13:42
5.4k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......

21.06.2026 15:42
8.3k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......