Aý tozanyndan we kosmos galyndylaryndan kosmosda ýangyç öndürmek teklip edilýär

  • 17.06.2024 22:44
  • 7.9k+

Waterloo uniwersitetiniň täze energiýa barlaglary laboratoriýasynyň alymlary ýerli çeşmelerden peýdalanyp, Aýda ýangyç öndürmegiň usulyny tapdylar.

Barlagçylar Aýyň topragynyň üstki gatlagy bolan regolitiň özünde ýokary derejede kislorod saklaýan metal tozanyna baýdygyny anykladylar. Bu bolsa ony goşmaça atmosfera kislorodyny talap etmeýän termit reaksiýasynda ulanmaga mümkinçilik berýär.
Laboratoriýa şertlerinde alymlar Aýdaky şertleri simulýasiýa edip, regolitiň köne hemralardan alnan alýumin bilen bilelikde ýangyç öndürmek üçin ulanylyp bilinjekdigini anykladylar.
Bu usul ýangyç döretmekden başga-da, kosmos galyndylary bilen bagly meseläni çözmäge kömek eder.
Laboratoriýanyň müdiri Jon Ben Aýyň topragyny ýangyç öndürmek üçin ulanmak Aýyň özleşdirilmeginde möhüm ädim boljakdygyny aýtdy.
Alymlar Aýyň topragyndan peýdaly materiallary almak prosesini optimizirlemek üçin gözlegleri dowam etdirýärler.

"Bu barlaglar ylmy fantastikany hakykata öwürýär" - diýip, barlagyň esasy awtory Konnor MakRobbi bu tehnologiýanyň adamzada diňe bir Aýy däl, eýsem geljekde beýleki kosmos obýektlerini hem öwrenmäge kömek etjekdigini aýtdy.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....