124 ýyldan soň: 1900-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlaryndaky weloýaryşynyň netijelerine täzeden garaldy

  • 16.06.2024 11:53
  • 10k+

Halkara olimpiýa komiteti 1900-nji ýylda Parižde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda 25 kilometrlik welosiped ýaryşynyň netijelerine täzeden garady diýip, “Çempionat” sport çeşmesi ýazýar.

Şol ýaryşda ikinji orny Beýik Britaniýa üçin bäsleşen Lloýd Gildebrand (beýleki çeşmelerde - Lui Gildebrand) eýeledi. Şeýle-de bolsa, Halkara olimpiýa komiteti türgende Britaniýanyň raýatlygy bolsa-da, ömrüniň köp bölegini Fransiýada ýaşandygy sebäpli türgeniň Beýik Britaniýanyň toparyna goşulyp bilmejekdigi barada netijä geldi. Mundan başga-da, 1900-nji ýyldaky oýunlardan öň hem we soň hem türgen fransuz klubynda oýnapdyr.
Şol sebäpli Halkara olimpiýa komiteti Gildebrandyň kümşüni Fransiýa berip, 2024-nji ýylda medallary gaýtadan paýlady.
Halkara olimpiýa komitetiniň resmi wekili Mark Adam brifingde: "Halkara olimpiýa komitetiniň ýerine ýetiriji geňeşi taryhy resminamalara düzedişleri girizmek barada ylalaşdy – diýip mälim etdi. - Täze maglumatlara esaslanyp, ýerine ýetiriji komitet şular ýaly ýagdaýlarda ulanylýan syýasaty ulanmak kararyna geldi".
Netijäniň üýtgemegi medallaryň 1900-nji ýyldaky Olimpiýa oýunlarynyň jemi boýunça  paýlanyşyna täsir etmedi. Medal sanaşykda Fransiýa birinji orunda (27 altyn, 39 kümüş we 37 bürünç), Beýik Britaniýa üçünji orunda (15 altyn, 7 kümüş we 9 bürünç) durýar.


23.02.2026 10:07
1.6k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...

23.02.2026 02:06
4.1k+

ABŞ-nyň hokkeýçileri 1980-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Olimpiýa oýunlaryny utdylar

ABŞ-nyň erkek hokkeý ýygyndysy Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi boldy. Final duşuşykda topar 2:1 hasaby bilen Kanadanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.  Oýnuň ykbaly «üçe üç» görnüşindäki owertaýmda (goşmaça wagtda) kesgitlenildi...

21.02.2026 10:38
1.8k+

Norwegiýa gyşky Olimpiadada altyn medal boýunça öz rekordyny täzeledi

Norwegiýanyň ýygyndy topary bir gyşky Olimpiadada gazanylan altyn medallaryň sany boýunça öz rekordyny täzeledi. Milan we Kortina şäherlerinde geçirilýän Gyşky oýunlarda bu ýurduň türgenleri iň ýokary derejeli baýraklaryň 17-sini eýelediler...

17.02.2026 20:42
7.5k+

Bobsleýçi zenan ýeňşi bilen däl, ýaşy bilen rekord goýdy

ABŞ-ly bobsleýçi Elana Maýers-Teýlor Italiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynda monobob ýaryşynda ýeňiş gazandy. Ol dört tapgyryň netijesi boýunça, aýgytly pursatda öňe saýlanyp, birinji orny eýeledi...