Toyota “düýbünden tapawutly” içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri işläp taýýarlaýar

  • 16.06.2024 01:40
  • 11k+

Kompaniýada aýtmaklaryna görä, Toyota awtoulag pudagynda köp zady üýtgetjek içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri (ICE) hödürlemäge taýynlanýar diýip, Motor1 habar berýär.

Gibrid ulaglar üçin işlenip düzülen 1,5 we 2,0 litrlik dört silindrli hereketlendirijilerde has gysga porşen aralygy we ykjam ölçegleri bilen tapawutlanýar. Toyota-nyň tehniki direktory Hiroki Nakadzima, bar bolan içinden otlanýan hereketlendirijiler bilen deňeşdirilende, olary “düýbünden başga” diýip atlandyrdy we ýokary netijelidigini, howa akymynyň optimallaşdyrylandygyny nygtady.
Şeýle hereketlendirijili ilkinji awtoulaglar 2027-nji ýyldan soň bazara çykar. Toyota bioýangyç, wodorod we sintetiki ýangyç ýaly, dürli ýangyçlarda işläp bilýän güýç gurluşlaryny işjeň ösdürýär. Kompaniýa entek olaryň tehnologiýasy barada jikme-jiklikleri açmady, ýöne täze hereketlendirijileriň birnäçe innowasiýa aýratynlyklaryna eýe boljakdygyny wada berdi.
Kompaniýa öň Mazda we Subaru bilen hyzmatdaşlykda täze önümiň üstünde işlemek baradaky  meýilnamasyny yglan edipdi.


24.06.2026 14:05
4.8k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......