Lamborghini Veneno onlaýn-auksionda baha rekordyny goýdy

  • 15.06.2024 17:27
  • 11k+

SBX Cars onlaýn auksionynda dünýäde bar bolan dokuz sany Lamborghini Veneno-nyň biri 6 mln dollara satyldy, bu hem onlaýn satylan awtoulagyň bahasy boýunça rekord boldy. Bu barada CarScoops neşiri habar berýär.

Bellemeli ýeri, giperkary diňe dördünji synanyşykda we ilkibaşda meýilleşdirilenden has pes baha satmak başartdy.
2013-nji ýylda hödürlenen Lamborghini Veneno 13 ekzemplýar tiraž bilen çykaryldy – dört kupe we dokuz rodster. Doly herekete getiriji sistemaly sportkar kuwwaty 552 kWt (750 at güýji) bolan 6,5 litrlik L539 V12 hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Lamborghini Veneno 2,8 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrýar, onuň iň ýokary tizligi bolsa sagatda 355 km barabar.
Lamborghini-niň täze Veneno-synyň asyl bahasy 4 mln dollar, 2014-nji ýylda peýda bolan Veneno Roadster bolsa 3,3 mln ýewro satyldy. SBX Cars-da satylan nusga ilkibaşda Dubaýdaky VIP Motors salonynda 9,5 mln dollar baha bilen goýuldy, ýöne iki ýylyň dowamynda alyjy tapylmady. 2020-nji ýylda RM Sotheby’s auksionynda hem satuw şowsuz boldy, ol ýerde garaşylýan baha 4,5 – 5,5 mln ýewrody. Ahyrynda, maý aýynda Lamborghini Veneno SBX Cars platformasyna çykdy, ýöne söwda ýene şowsuz tamamlandy. Diňe dördünji synanyşykda, bahany arzanlatmak bilen, awtomobili satmak başartdy.


12.05.2026 14:52
1.9k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....

11.05.2026 11:24
2.4k+

Lamborghini 63 ýyllygyny belleýär: Italiýanyň brendiniň üstünliginiň taryhy we sanlaryň jadygöýligi

Italiýanyň Lamborghini awtoulag öndürijisi 63 ýyllygyny belleýär. Bu wakanyň şanyna kompaniýa 9-njy we 10-njy maýda Imola şäherindäki Enso we Dino Ferrari adyndaky awtodromda giňden ýaýbaňlandyrylan......

04.04.2026 13:20
2.2k+

Ford GT Mk IV “Nýurburgringda” içinden otlanýan hereketlendirijili iň çalt awtoulag boldy

Ford GT Mk IV superkary “Nýurburgring-Nordşlýaf” ýolunda iň çalt gibrid däl içinden otlanýan hereketlendirijili awtoulag boldy. Ford bu barada Germaniýada geçirilen 21 kilometrlik ýaryşlaryň netijelerini......

01.04.2026 16:47
3.6k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......