Mozilla bir minutda saýt döretmek üçin mugt Solo hyzmatyny işe girizdi

  • 15.06.2024 13:30
  • 4.4k+

Meşhur Firefox brauzerini işläp düzüji – Mozilla kompaniýasy neýroulgamlaryň kömegi bilen saýtlary awtomatiki usulda döretmek üçin Solo hyzmatyny hödürledi. Hyzmat mugt bolup, hiç hili programmirleme başarnyklaryny talap etmezden sanlyja minutda saýt döretmäge mümkinçilik berýär diýip, Hi-Tech Mail.ru habar berýär.

Solo adaty interfeýs elementlerini awtomatiki döretmek üçin maşyn biliminiň mehanizmlerini ulanýar. Mysal üçin, neýroulgam stile laýyk daşlyk, seslenmeler bilen blok, aragatnaşyk maglumatlaryny, Cookie-faýllarynyň ulanylýandygy baradaky duýduryş bannerlerini we saýtlaryň köpüsinde duş gelýän beýleki adaty elementleri döredip biler.
Tutuş proses 8 ýönekeý ädimi öz içine alýar:

  1. PK-dan ýa-da noutbukdan Solo saýtyna geçiň;
  2. Iňlis dilindäki ikinji penjirede saýtyňyzyň beýanyny görkeziň: tema, format, stil we ş.m.;
  3. Saýtyň adyny giriziň, mysal üçin, bu siziň brendiňiziň ady bolup biler;
  4. Next basyň;
  5. Geljekki saýtda ulanyljak esasy şrifti saýlaň;
  6. Reňk palitrasyny saýlaň;
  7. Saýtyňyzda gerek bolan bloklary saýlaň;
  8. Create your site basyň we netijesine garaşyň.

Şeýle-de, neýroulgamyň maksatly auditoriýany göz öňünde tutup saýt döretmegi üçin, isleseňiz, geografiki ýerleşişi hem görkezip bolar.
Solo diňe saýtyň esasy galybyny döredip berýär, soň ony elde sazlamak bolar. Ulanyjy reňkleri, nyşanlaryň ýerleşişini, salgylanmalary we ş.m. üýtgedip biler. Ähli suratlar awtomatiki usulda Unsplash katalogyndan saýlanýar, ýöne ulanyjylar öz suratlaryny hem ýükläp bilerler.
Mozilla tölegli domenleri satmak arkaly Solo-dan pul gazanmagy meýilleşdirýär, ýöne ulanyjylar döredilen saýty öz hususy hostingine hem geçirip bilerler.
Geljekde kompaniýa Solo funksionalyny giňeltmegi, täze temalary we stilleri, şeýle-de saýty redaktirlemek üçin gurallary goşmagy meýilleşdirýär. Mundan başga-da, surat katalogyny ulanmagyň deregine şekilleri döredýän neýroulgamy girizmegi meýilleşdirýär.

düýn 20:49
1.2k+

Ilon Mask SpaceX üçin bütin dünýäde kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak barada meýilnamasyny yglan etdi

SpaceX kompaniýasynyň baş direktory Ilon Mask ABŞ-da we beýleki ýurtlarda täze kosmos portlarynyň ulgamyny gurmak meýilnamasyny yglan etdi. Kompaniýa raketa uçuryşlarynyň sanyny ep-esli artdyrmakçy bolýar....

düýn 14:30
3.5k+

EA Wezuwiý wulkanynda pida bolan pompeýliniň soňky pursatlaryny aýnada ýaly görkezdi

Arheologlar b.e. 79-njy ýylynda Wezuwiý wulkanynyň atylmagy netijesinde wepat bolan adamlaryň soňky pursadyny dikeltmek üçin emeli aň tehnologiýalaryny ulandylar. Pompeý arheologik parky tarapyndan hödürlenen......

düýn 11:43
1.5k+

Curiosity-niň we Perseverance-iň täze panoramalary Marsyň hemme ýeriniň gyradeň däldigini ýüze çykardy

Curiosity we Perseverance mars rowerleri Ýere täsirli täze panoramalary iberdiler, olarda Marsyň landşaftynyň haýran galdyryjy derejede dürlüdigini aýdyň görkezdi....

düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......