Makgregor bilen Çendleriň söweşi ýatyryldy. Olaryň deregine Pereýra we Prohazka çykar

  • 14.06.2024 22:26
  • 28k+

Ýarym ýeňil we ýeňil agramda UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor (22-6) bilen amerikaly Maýkl Çendleriň (23-8) arasyndaky söweş resmi taýdan ýatyryldy. Bu barada UFC-niň başlygy Dana Uaýt sosial ulgamlarda habar berdi.

Söweş 29-njy iýunda Las-Wegasda geçiriljek UFC 303 ýaryşyna meýilleşdirilipdi.
Indi Makregor – Çendler tutluşygynyň deregine ýarym agyr agramda dünýä çempiony ady ugrunda titulyň häzirki we öňki eýeleri – braziliýaly Aleks Pereýra (10-2) bilen çehiýaly Irži Prohazkanyň (30-4-1) arasynda rewanş söweşi geçiriler.
Makgregor 2021-nji ýylyň iýul aýyndan bäri oktagona çykmady. Soňky gezek ol UFC 264-de Dastin Porýeden (30-9) tehniki nokaut bilen ýeňildi.
Çendler hem soňky söweşinde Porýeden ýeňildi (demikdiriji usul arkaly), bu söweş geçen ýylyň noýabr aýynda UFC 281-de boldy.
Pereýra soňky gezek 13-nji aprelde Las-Wegasda geçirilen UFC 300-de söweşdi. Onuň garşydaşy Jamal Hill boldy, ony birinji raundda nokauta gidirdi. Şol ýaryşda Prohazka serbiýaly Aleksandar Rakiç bilen duşuşdy. Söweş Prohazkanyň ikinji raundda tehniki nokaut arkaly ýeňmegi bilen tamamlandy.


18.06.2026 22:41
8k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......

17.06.2026 17:46
14k+

Döwletjan Ýagşymyradow PFL NY ýaryşynda Simeon Pawelle garşy urşar

Garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) türkmen pälwany Döwletjan Ýagşymyradow özüniň indiki duşuşygyny 31-nji iýulda Nýu-Ýorkda PFL NY ýaryşynda geçirer. Onuň garşydaşy ýarym agyr agramda PFL reýtinginiň......

16.06.2026 08:32
13k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

15.06.2026 15:55
10k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......