Adobe-yň täze düzgünleri howsala salýar. Ol ulanyjy tarapyndan döredilen mazmuna girip biler

  • 14.06.2024 14:40
  • 2.3k+

Adobe kompaniýasy programmalarynda ulanyjylar tarapyndan döredilen mazmuna girmäge hukuk berýän maddany goşmak üçin hyzmat şertlerini täzeledi.

Täze düzgünlere laýyklykda, Adobe ulanyjy mazmunyna awtomatiki we mehaniki usul bilen girip, ony maşyn öwreniş arkaly analiz edip biler. Bu diýildigi, kompaniýanyň öz programma üpjünçiliginde döredilen ýa-da redaktirlenen islendik materiallara, şol sanda şahsy maglumatlara hakykatdanam girip biljekdigini aňladýar.
Ulanyjylar bu şertlerden ýüz öwrüp bilmeýärler, sebäbi olar Adobe programma üpjünçiligini ulanmagyň hökmany şertleridir. Mundan başga-da, täzelenmeden soň, täze düzgünlere razy bolmazdan programmany bozup bolmaýar.
Ulanyjylaryň arasynda närazylyk ýüze çykandan soň, Substance 3D ekosistemasynyň önüm müdiri Jeremi Noger çykyş etdi. Ol Adobe-iň Substance ulanyjylarynyň taslamalaryna girip bilmeýändigini, olary hiç hili görnüşde okamaýandygyny we munuň üçin serişdesiniň ýokdugyny nygtady. Şeýle-de bolsa, onuň teswiri ulanyjy şertnamasynyň tekstine ters gelýär diýip, IXBT habar berýär.

düýn 20:14
2.6k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
1k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
4.5k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.5k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......