SOM adaty bolmadyk binagärlik taslamasyny ösdürýär: gökdirän bina batareýanyň aýratynlygyna eýe bolar

  • 14.06.2024 14:58
  • 8.7k+

Dünýäniň iň beýik binasynyň - Dubaýdaky Burj-Halifanyň taslamasyny taýýarlan Skidmore, Owings & Merrill (SOM) kompaniýasy 1 km beýiklikdäki  özboluşly gökdirän binalary döretmek üçin Energy Vault Holdings bilen hyzmatdaşlyk eder diýip, New Atlas ýazýar.

Bu binalar diňe bir öz adaty niýetlenen maksady üçin ulanylman, eýsem ägirt uly energiýa saklaýyş ulgamynyň hyzmatyny hem ýerine ýetirmegine garaşylýar.
Iki esasy düşünje teklip edilýär:

  • EVu ulgamy: artykmaç energiýasyny gökdirän binanyň ýokarsyna agyr ýüki göterip çykarmak üçin sarp edýär. Zerur bolanda ýük aşak goýberilip, agyrlyk güýjüniň hasabyna elektrik energiýasy öndürilýär.
  • EVc ulgamy: ol hem şuňa meňzeş ýörelgede işleýär, ýöne ýüküň ýerine suw ulanýar, ony ýokary sorup, soňra turbinalary aýlamak üçin aşak taşlaýar.

"Bu desgalar diňe bir binanyň däl, eýsem goňşy binalaryň hem energiýa zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin birnäçe GWt dartyş güýji görnüşindäki energiýany toplap biler" – diýip, SOM-yň we Energy Vault Holdings-yň metbugat beýanatynda aýdylýar.

Iki ulgam hem energiýany gidroakkumulirlemekligiň subut edilen ýörelgelerine esaslanýar, ýöne olaryň gökdirän binalara ornaşdyrylmagy ep-esli inženerçilik kynçylygyny döredýär. Desganyň agramy, netijeliligi we tehniki hyzmaty bilen baglanyşykly meseleler çözülmelidir.
Kynçylyklara garamazdan, SOM we Energy Vault Holdings taslamasy energiýany saklamak we durnukly  ösüş pudagynda öwrülişikli ädim bolup biler.


27.05.2026 14:36
5.2k+

«Aýyň ahyryna ýetip bilermikäm ýa asyryň ahyryna?»: Ispaniýa energetika öwürilişigi üçin 9 milliard ýewro goýberýär

Ispaniýanyň hökümeti raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmak we ýurduň ekologik ýagdaýyny üýtgetmek maksady bilen, täze Durmuş-klimat meýilnamasyny taýýarlady. Taslama laýyklykda, döwlet tarapyndan 9......

13.05.2026 09:01
4.1k+

Çalık Enerji kompaniýasy «Ak şäherim Aşgabat – 2026» forumynyň baş hyzmatdaşy boldy

«Ak şäherim Aşgabat – 2026» XXV halkara sergisiniň we maslahatynyň guramaçylyk komiteti Çalık Enerji kompaniýasyny forumyň baş hyzmatdaşy diýip yglan etdi. Çäreler 2026-njy ýylyň 24-25-nji maýynda Aşgabatda......

28.04.2026 14:27
6.8k+

Tokioda energiýa çykdajylaryny azaltmak üçin döwlet gullukçylaryna şorty geýmek maslahat berilýär

Tokio häkimiýeti döwlet gullukçylaryna mümkin boldugyndan ýeňil geýime geçmegi, şol sanda şorty, polo köýneklerini we krossowkalary geýmegi resmi taýdan maslahat berdi. «The Guardian» neşiriniň......

22.04.2026 14:35
8.3k+

Arkadag şäherinde Gün elektrik bekedi we Arkadag merkezi gurlar

Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik we......