Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi Azerbaýjanyň milli toparyna ýolbaşçy boldy

  • 14.06.2024 10:51
  • 8.9k+

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi Fernandu Santuş Azerbaýjanyň milli ýygyndysynyň täze halypasy boldy. Baş tälimçiniň bellenendigi barada Azerbaýjanyň Futbol Federasiýalarynyň Assosiasiýasynyň saýtynda habar berilýär.

69 ýaşly portugaliýaly soňky bir ýarym ýylda dört kluby çalyşdy. Ol 2022-nji ýylyň ýanwar aýynda Portugaliýanyň milli ýygyndysyny Katardaky dünýä çempionatynyň 1/4 finalynda Marokkodan utulandan soň terk etdi.
Şondan soň Santuş Polşanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçy boldy, ýöne onuň bilen Ýewro saýlama tapgyrynda bäş oýnuň ikisinde ýeňiş gazandy we işden çykaryldy. Halypanyň soňky iş ýeri Türkiýäniň “Beşiktaşy” boldy, onda bary-ýogy üç aý işledi.
Azerbaýjanyň milli ýygyndysy FIFA-nyň reýtinginde 112-nji orny eýeleýär. Santuşyň öňünde topary Ýewro-2028-e çykarmak wezipesi goýuldy.
Ýatlap geçsek, Santuş Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewro-2016-da we 2018/2019-möwsüminiň Milletler ligasynda ýeňiş gazandy. Ol Katardaky dünýä çempionatynda soňky iki oýunda başlangyç düzüme kapitan Kriştianu Ronalduny goşmazlyk kararyna geldi, bu hem birnäçe nägilelikleri döretdi.


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......