Marsyň ekwatoryndan suw gyrpagy tapyldy

  • 13.06.2024 15:28
  • 20k+

Barlagçylar garaşylmadyk açyş edip, Marsyň ekwatoryndan suw gyrpagyny tapdylar. Ozal Gün radiasiýasynyň derejesiniň ýokarydygy we atmosferanyň dykyz däldigi sebäpli bu ýerde suw gyrpagynyň emele gelmeginiň mümkin däldigi aýdylýardy.

Suw gyrpagy 12 sany uly wulkanyň ýerleşýän ýeri bolan “Tarsis” (Tharsis) sebitindäki ExoMars Trace Gas Orbiter we Mars Express orbital apparatlaryň kömegi bilen tapyldy diýip, Space.com habar berýär.
Gyrpak “Olimp” (Gün ulgamynda iň beýik nokat), “Askreý Mons”, “Arsiýa Mons” we “Seraunius Tolus” wulkanlarynyň gerşinde, “kalderalar” diýlip atlandyrylýan gerişleriň çuňňur oýtaklarynda göründi.
Gyraw daňdan emele gelýär we irdenki günüň şöhleleri astynda, takmynan, 75000 inedördül metri örtmek bilen ýitip gidýär. Alymlar gyrawdaky suwuň umumy mukdarynyň, takmynan, 29,4 million gallon (111 million litr) bolýandygyny çaklaýarlar.
Barlagçylar “Tarsis” sebitinde howa aýlanyşygy gyrawyň emele gelmegine täsirini ýetirýän kalderalarda özboluşly mikroklimaty döredýär diýip hasaplaýarlar. Bu açyş Marsyň gidrologiki sikline we onuň ýaşaýyş mümkinçiligine düşünmek üçin möhüm ähmiýete eýe.
Häzire çenli gözegçilik wagtynyň çäkli bolany üçin we kosmos apparatlarynyň orbitalarynyň aýratynlyklary sebäpli Marsyň ekwatorynda gyraw tapmak başartmandy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....